Saýlanan şäher
1 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
18.06.2026 10:24
1.2k+
Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy
Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy.
08.06.2026 12:41
2.1k+
Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy
Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy.
06.06.2026 11:31
3.6k+
Serena Wilýams professional tennise dolanýar
Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy.
03.06.2026 17:49
4.4k+
8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy
Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn...
23.05.2026 16:21
11k+
On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi
Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi.
19.05.2026 16:26
8k+
Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy
Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we...
18.05.2026 17:48
1.7k+
Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy
Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy.
04.05.2026 14:06
1.7k+
Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy
Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi.
03.05.2026 11:45
1.2k+
Sinner «Masters» ýaryşlarynyň rekordyny goýup, Federerden we Jokowiçden öňe geçdi
Italýan tennisçisi Ýannik Sinner Madridde geçirilýän ATP «Masters» ýaryşynyň finalyna çykdy we bu kategoriýadaky ähli ýaryşlaryň finalyna ýetmegiň tizligi boýunça rekord goýdy.
30.04.2026 18:53
1.9k+
Sony stol tennisinde hünärmenleri utmaga ukyply roboty döretdi
Sony kompaniýasy hünärmen türgenleriň derejesinde stol tennisini oýnamagy başaran Ace atly robot-manipulýatory tanyşdyrdy. Bu barada kompaniýanyň saýtyndaky metbugat beýanatynda we «Nature» žurnalynda çap...
21.04.2026 14:50
4.9k+
Sobolenko, Alkaras we Ýamal ýylyň iň gowy türgenleri hökmünde Laureus baýragyny aldy
Madridde dünýäde sport «Oskary» diýlip atlandyrylýan Laureus baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň gowy türgenler diýlip tennisçiler — Belarusyň wekili Arina Sobolenko...
19.04.2026 18:54
1.8k+
Karlos Alkaras Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasynyň global ilçisi boldy
Hindistanyň Infosys IT-kompaniýasy dünýäniň ikinji raketkasy, ispan tennisçisi Karlos Alkaras bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy yglan etdi. Ylalaşygyň şertlerine görä, 22 ýaşly türgen brendiň global ilçisi bolar.
14.04.2026 16:36
1.7k+
Sinner Monte-Karlodaky ýaryşda Alkarasy utup, ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy
Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner Professional tennisçiler assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde ýene-de birinji orny eýeledi. Täzelenen sanaw duşenbe güni guramanyň saýtynda çap edildi.
30.03.2026 20:41
2.3k+
Ýannik Sinner we Arina Sobolenko Maýamidäki ýaryşyň ýeňijileri boldy
Dünýäniň ikinji raketkasy italiýaly Ýannik Sinner ABŞ-nyň Maýami şäherinde geçirilen «Masters» ýaryşynyň finalynda çehiýaly Irži Legeçkany utdy. Ýaryşyň baýrak gaznasy 9,4 million dollardan geçýär.
05.03.2026 21:17
3.3k+
Sobolenka, Dýuplantis we Alkaras sport dünýäsiniň «Oskar» baýragyna dalaş edýärler
Sport dünýäsiniň «Oskary» diýlip atlandyrylýan her ýylky «Laureus» baýragyna dalaş edýänleriň atlary belli boldy. Baýragyň guramaçylyk komiteti sekiz ugur boýunça dalaşgärleriň sanawyny resmi taýdan neşir etdi
01.02.2026 22:16
2.7k+
Alkaras Australian Open-iň finalynda Jokowiçi utup, «Karýera tuwulgasynyň» iň ýaş eýesi boldy
Ispaniýaly Karlos Alkaras möwsümiň ilkinji «Uly tuwulga» ýaryşy bolan Australian Open-iň finalynda serbiýaly Nowak Jokowiçi utdy. Duşuşyk 2:6, 6:2, 6:3, 7:5 hasabynda tamamlandy. Bu ýeňşiniň netijesinde 22 ýaşly Alkaras taryhda «Karýera Uly tuwulgasynyň» iň ýaş eýesi boldy
01.02.2026 09:09
3.2k+
Gazagystanly tennisçi Ýelena Rybakina belarusly Sobolenkony utup, Australian Open-iň ýeňijisi boldy
Gazagystanyň wekili, dünýäniň bäşinji raketkasy Ýelena Rybakina möwsümiň ilkinji «Uly tuwulga» ýaryşy bolan Australian Open-iň ýeňijisi boldy. Final duşuşygynda 26 ýaşly Rybakina dünýäniň birinji raketkasy, 27 ýaşly belarusly Arina Sobolenkony 6:4, 4:6, 6:4 hasabynda utdy
31.01.2026 09:29
3.1k+
Alkaras we Jokowiç halys eden çekeleşikli oýunlardan soň Australian Open-iň finalynda duşuşar
Professional tennisçiler assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginiň lideri Karlos Alkaras Australian Open ýaryşynyň finalyna çykdy. Ispaniýaly tennisçi ýarym finalda Germaniýadan dünýäniň üçünji raketkasy Aleksandr Zwerewi utdy
26.01.2026 17:22
4.6k+
Türkmen tennisçi gyzlary Bahreýndäki ATF ýaryşynda baýrakly orunlary eýeledi
Bahreýniň Isa-Taun şäherinde 14 ýaşa çenli türgen gyzlaryň arasynda geçirilen «A» derejeli halkara ýaryşynda türkmen tennisçileri üstünlikli çykyş etdi. Ýaryşlar Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda geçirildi we dünýäniň 17 ýurdundan türgenleri jemledi
25.01.2026 02:55
1.6k+
Jokowiç «Uly tuwulga» ýaryşlarynda 400 ýeňiş gazanan ilkinji tennisçi boldy
Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç taryhda «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň ýekelikdäki bäsleşiginde 400 ýeňiş gazanan ilkinji türgen boldy. Bu rekord görkezijisi türgeniň Awstraliýanyň açyk çempionatynyň (Australian Open) dördünji tapgyryna çykmagy bilen hasaba alyndy
24.01.2026 15:31
4.3k+
Arina Sobolenko Gucci modalar öýüniň ilçisi boldy
Dört gezek “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň çempiony we dünýäniň 1-nji belgili tennisçisi belarusly Arina Sobolenko Gucci italýan modalar öýüniň ilçisi boldy. Hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy barada brendiň metbugat gullugy sosial mediada habar berdi
16.01.2026 12:24
3.1k+
Awstraliýadaky ýaryşda höwesjeň tennisçi ussatlary ýeňip, 668 müň dollar gazandy
"Australian Open" ýaryşynyň çäklerinde baýrak gaznasy 1 million awstraliýa dollary (takmynan 668 000 dollar) bolan täze "1 Point Slam" görkezme ýaryşy geçirildi. Bu täsin ýaryşyň ýeňijisi 29 ýaşly höwesjeň tennisçi Jordan Smit boldy
10.01.2026 11:13
1.7k+
Australian Open – 2026-da tas $75 mln pul baýragy berler
Awstraliýanyň tennis boýunça Açyk çempionaty 2026-njy ýylda ýaryşyň baýrak gaznasynyň möçberini mälim etdi. Şu ýyl umumy mukdar 74,9 mln dollar (111,5 mln Awstraliýa dollary) bolar. Geçen möwsüm bilen deňeşdirilende, ýaryşa gatnaşyjylara tölegler 16% ýokarlandy
25.12.2025 13:33
6.6k+
Allanur Daýanjow ilkinji gezek tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogyny aldy
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan we Aşgabatdan 72 türgen (47 erkek we 25 zenan) gatnaşdy
11.12.2025 09:33
2.5k+
Tennisçi Kori Gauff Mercedes-Benz-iň global ilçisi boldy
Amerikaly tennisçi, dünýäniň üçünji raketkasy Kori Gauff Mercedes-Benz bilen şertnama baglaşyp, nemes awtomobil brendiniň global ilçisi boldy. Bu barada konserniň metbugat gullugy habar berdi. 21 ýaşly türgen “Uly tuwulga” ýaryşlarynda iki titulyň eýesidir: ol 2025-nji ýylda “Roland Garrosda”, 2023-nji ýylda bolsa “US Open” ýaryşynda ýeňiş gazandy
25.11.2025 17:28
4.8k+
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandylar
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogy ugrundaky zolaklaýyn ýaryşynda aýdyň üstünlik gazanyp, 2026-njy ýylda Aziýa we Okeaniýa zolaklarynyň IV toparynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Bu ajaýyp waka Isa-Taun şäherindäki
21.11.2025 12:38
2.2k+
Tanymal tennisçi Rojer Federer Halkara tennis şöhrat zalyna giriziler
Şweýsariýaly Rojer Federer 2026-njy ýylda Halkara tennis şöhrat zalyna giriziler. Dabara 27-29-njy awgustda Nýuport amerikan şäherinde geçiriler diýip, guramanyň metbugat gullugy habar berdi. “Meniň üçin Halkara tennis şöhrat zalyna girmek we sportuň bu görnüşiniň köp sanly beýik çempionlarynyň ýanynda durmak uly hormat
16.11.2025 23:06
3.8k+
Arina Sobolenko bir möwsüm zenan tennis ýaryşy üçin rekord 15 million dollar gazandy
Dünýäniň birinji raketkasy Arina Sobolenko Zenanlaryň tennis birleşiginiň (WTA) bir möwsümde gazanan baýrak pullary boýunça rekordyny goýdy. 2025-nji ýylda belarusly tennisçi kortda 15 million dollardan gowrak girdeji gazandy diýip, Tennis
11.11.2025 10:18
3.2k+
Karlos Alkaras ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy
Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň reýtinginde ýene birinji orny eýeledi. Reýtingiň täzelenen görnüşi guramanyň saýtynda ýerleşdirildi. Turinde ATP ýaryşy başlamazdan öň oýunçylardan geçen ýylky çykyşlary üçin utuklar aýryldy
03.11.2025 17:30
3.4k+
Sinner Pariždäki “Mastersde” ýeňiş gazanyp, dünýäniň birinji raketkasy adyny gaýdyp aldy
Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner Pariždäki “Masters” ýaryşynda ýeňiş gazanandan soň ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy. Ol finalda kanadaly Feliks Ože-Alýassimi 6:4, 7:6 (7:4) hasabynda utdy. Italiýaly türgen üçin bu ýeňiş Alýassim bilen bäş şahsy duşuşykda üçünji boldy
26.10.2025 09:40
4.9k+
SportsPro 2025-nji ýylyň iň köp gyzyklanma bildirilýän türgenleriniň reýtingini hödürledi
SportsPro žurnaly 2025-nji ýylyň iň köp isleg bildirilýän türgenleriniň reýtingini hödürledi. Sanawy düzüjiler isleg görkezijisini üç ölçeg: şahsy brendiň güýji, ykdysady mümkinçilikler we elýeterli bazar gurşawy, ýagny öz sport görnüşinde gazanç mümkinçiligi boýunça hasaplady
22.10.2025 20:05
974
Halkara tennis federasiýasy adyny World Tennis diýip üýtgeder
2026-njy ýyldan başlap Halkara tennis federasiýasy (International Tennis Federation, ITF) täze — World Tennis — atlandyrylar diýip, guramanyň metbugat gullugy habar berýär. Adyny üýtgetmek baradaky karary ITF-iň düzümine girýän milli tennis birleşikleriniň köpüsi goldady
17.10.2025 11:37
6.7k+
102 ýaşly we 97 ýaşly tennisçiler taryhda iň garrylaryň tennis duşuşygyny geçirdiler
Amerikaly Artur Lind bilen awstraliýaly Genri Ýang tennis taryhyna girip, iň garry oýunçylaryň arasyndaky duşuşygy geçirdiler. Bu barada Halkara Tennis Federasiýasynyň (ITF) metbugat gullugy habar berdi. 102 ýaşly Ýang we 97 ýaşly Lind Horwatiýanyň Bol şäherinde geçirilen ITF World Championship ýaryşynyň çärýek finalynda duşuşdylar
04.10.2025 15:28
2.2k+
ATP-nyň Jemleýji ýaryşynyň baýrak gaznasy rekord derejä — 15,5 million dollara ýetdi
Professional tennisçiler assosiasiýasy (ATP) 2025-nji ýylda geçiriljek ATP-nyň Jemleýji ýaryşynyň baýrak gaznasyny mälim etdi. Bu ýylky baýrak gaznasy ýaryşyň taryhyndaky iň ýokary görkeziji bolup, 15,5 million dollara deň boldy
08.09.2025 11:36
2.7k+
Karlos Alkaras US Open-iň finalynda Ýannik Sinnerden üstün çykdy
Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras erkekleriň arasynda geçirilen ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň (US Open) ýeňijisi boldy. Ol finalda italiýaly Ýannik Sinneri dört setde 6:2, 3:6, 6:1, 6:4 hasabynda utdy. 22 ýaşly türgen üçin bu “Uly tuwulga” ýaryşlarynda altynjy titul boldy
07.09.2025 19:48
6k+
Sobolenko Anisimowany utup, yzygider ikinji gezek US Open-iň ýeňijisi boldy
Dünýäniň birinji raketkasy Arina Sobolenko yzygider ikinji gezek ABŞ-nyň Açyk çempionatynda (US Open) ýeňiji boldy. Ýaryşyň finalynda belarusly tennisçi dünýäniň dokuzynjy raketkasy, amerikaly Amanda Anisimowany 6:3, 7:6 (7:3) hasabynda utdy
06.09.2025 16:38
2k+
Sinner we Alkaras US Open-iň tituly we dünýäniň birinji raketkasy ady ugrunda göreşer
US Open-iň final oýnunda dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner bilen ATP reýtinginde ikinji orny eýeleýän ispaniýaly Karlos Alkaras duşuşar. Bu olaryň şu möwsümde “Uly tuwulga” ýaryşlarynda yzygider üçünji finaly bolar we onda diňe ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň çempiony däl, eýsem dünýäniň birinji raketkasy-da kesgitlener
05.09.2025 16:00
3.3k+
US Open – 2025-iň finalynda Arina Sobolenko we Amanda Anisimowa oýnar
Nýu-Ýorkuň hard kortunda US Open-2025 “Uly tuwulga” ýaryşynyň finalçylary kesgitlendi. Aýgytly oýunda titul üçin Belarusdan dünýäniň birinji raketkasy Arina Sobolenko we WTA reýtinginde dokuzynjy orny eýeleýän amerikaly Amanda Anisimowa göreşer
26.08.2025 11:00
5.3k+
Forbes 2025-nji ýylda dünýäniň iň baý tennisçilerini atlandyrdy
Forbes žurnaly 2025-nji ýylda dünýäniň iň baý tennisçileriniň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny ýylda 48,3 mln dollar girdeji bilen ispaniýaly Karlos Alkaras eýeledi. Ikinji orunda 47,3 mln dollar bilen italiýaly Ýannik Sinner ýerleşdi
25.08.2025 12:20
5.4k+
13 ýaşly tennisçi Tailandda geçen halkara ýaryşda Türkmenistana iki sany altyn medal getirdi
Tailand Patyşalygynyň Uly Bangkok sebitine degişli bolan Nonthaburi welaýatynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) guramagynda halkara tennis ýaryşy geçirildi. Ýaryşda üstünlikli çykyş eden türkmen türgenleri üç görnüş boýunça altyn, bir görnüşde bolsa bürünç medal gazandylar
«
1
2
…
8
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.