Mercedes we $3,37 million: Mirra Andreýewa WTA-nyň jemleýji ýaryşynda ýeňiş gazandy

Şu gün, 13:36484
1 / 3

Russiýaly tennisçi Mirra Andreýewa ABŞ-nyň Indian-Wells şäherinde geçirilen WTA-nyň jemleýji ýaryşynyň ýeňijisi boldy. 19 ýaşly türgen finalda ukrainaly Elina Switolinany 7:5, 6:3 hasabynda ýeňdi.

Duşuşyk 1 sagat 48 minut dowam etdi.

Andreýewa bu ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýandygyna garamazdan, ýaryşyň dowamynda garşydaşlaryna bir set hem utulman, çempion bolmagy başardy. Ol ýaryşda Diana Şnaýderden, Arina Sobolenkodan, Jessika Peguladan ökde çykdy. Şeýle hem toparlaýyn tapgyrda we finalda Elina Switolinany iki gezek ýeňmegi başardy.

Ýeňşi üçin russiýaly tennisçi 3,37 million dollar pul baýragyny we Mercedes-AMG SL awtoulagynyň ýörite wersiýasyny aldy. Emma entek sürüjilik şahadatnamasynyň ýokdugy sebäpli, baýrak gowşurylyş dabarasyndan soň täze awtoulagyny sürüp bilmedi.

32 ýaşly Switolina hem ozal bu ýaryşda üstünlik gazanypdy. Ol 2018-nji ýylda çempion bolup, bir ýyl soň finala çykdy.

Andreýewa ýekelikdäki bäsleşikde WTA-nyň jemleýji ýaryşynda ýeňiş gazanan ikinji russiýaly tennisçi boldy. Ondan öň bu üstünlige ýetmek 2004-nji ýylda Mariýa Şarapowa başardypdy.

Bu ýeňişden soň, Andreýewa dünýäniň iň ökde tennisçileriniň sanawynda ikinji orna çykar.

WTA-nyň jemleýji ýaryşy tennis möwsüminiň iň möhüm bäsleşikleriniň biridir. Oňa ýylyň dowamynda iň köp utuk gazanan sekiz tennisçi gatnaşýar. Bu ýylda ýaryşyň baýrak gaznasy 10 million dollara deň boldy.