Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner finalda Germaniýanyň wekili Aleksandr Zwerewi 6:7 (7:9), 7:6 (7:2), 6:3, 6:4 hasabynda utup, bassyr ikinji ýyl «Wimbldon» ýaryşynyň ýeňijisi boldy.
24 ýaşly italiýaly tennisçi üçin bu titul «Wimbldonda» ikinji we «Uly tuwulga» ýaryşlarynda bäşinji boldy. Ol mundan öň iki gezek Australian Open (2024, 2025) we bir gezek US Open (2024) ýaryşlarynda ýeňiji bolupdy. Indi onuň hasabynda jemi 29 sany ATP tituly bar.

Şeýle-de, Sinner «Uly tuwulga» ýaryşlarynda ýüzünji ýeňşini gazandy. Açyk erada (Open Era) diňe üç tennisçi hut ýaryşyň final duşuşygynda bu görkezijä ýetmegi başarypdy.
Zwerew öz karýerasynda ilkinji gezek «Wimbldonyň» finalyna çykdy. Nemes tennisçisi şu möwsümde özüniň ilkinji «Uly tuwulga» ýaryşyny — «Rolan Garrosy» utupdy. Ol utulandygyna garamazdan, «Wimbldonda» ilkinji gezek dördünji tapgyrdan aňry geçmegi başardy.

Zenanlaryň arasyndaky ýekelikdäki duşuşyklarda bolsa 21 ýaşly çehiýaly Linda Noskowa finalda öz watandaşy Karolina Muhowany 6:2, 5:7, 6:3 hasabynda utup, ilkinji gezek «Wimbldonyň» ýeňijisi boldy. Noskowa üçin bu titul «Uly tuwulga» ýaryşlaryndaky ilkinji, WTA-nyň howandarlygy astyndaky ýaryşlarda üçünji we 2026-njy ýyl möwsüminde ikinji ýeňşidir.