Türkmenistanda 2027-nji ýyldan World Tennis-iň ýaryşyny geçirmek mümkinçiligi öwrenilýär

Düýn, 17:362,303
1 / 2

Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew bilen World Tennis guramasynyň (öňki ITF) prezidenti Dewid Haggertiniň duşuşygy geçirildi. Gepleşiklere Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) wise-prezidenti we Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň ýolbaşçysy Eziz Döwletow hem gatnaşdy.

Duşuşykda 2027-nji ýyldan başlap Türkmenistanda World Tennis guramasynyň howandarlygynda ýetginjekler ýaryşlaryny geçirmek mümkinçilikleri barada gürrüň edildi. Şeýle-de, BMG-niň maksatnamalarynyň çäklerinde sport diplomatiýasyny ösdürmek meselelerine seredildi.

Taraplar sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany taýýarlamaga hem-de sport guramalarynyň arasynda hünär çalşygyny giňeltmäge hem aýratyn üns berdi.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 1993-nji ýyldan bäri World Tennis guramasynyň, 2001-nji ýyldan bäri bolsa Aziýa federasiýasynyň agzasydyr.

Ýatlap geçsek, halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde 2024-nji ýylyň martynda Dewid Haggerti we ATF-iň baştutany Ýuriý Polskiý Aşgabada sapar bilen gelip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa sporty ösdürmäge goşan goşantlary üçin ITF sertifikatyny gowşurdy. Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy bolsa resmi taýdan «Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» derejesine eýe boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.