Gazagystanly tennisçi US Open ýaryşynyň ýeňijisi we dünýäniň birinji raketkasy boldy

Şu gün, 15:391,728
1 / 2

Gazagystanyň wekili Ýelena Rybakina tennis boýunça ABŞ-nyň açyk çempionatynyň (US Open) finalynda belarusly türgen Arina Sobolenkodan üstün çykdy.

Duşuşyk Rybakinanyň peýdasyna 6:4, 5:7, 6:2 hasaby bilen tamamlandy. Türgenler kortda 2 sagat 21 minut geçirdi.

2026-njy ýylda US Open ýaryşynyň umumy baýrak gaznasy 108 million dollara deň boldy. Çempionlar bolsa rekord 5,5 million dollar möçberinde pul baýragyny alar.

Ýeňişden başga-da, Ýelena dünýäniň birinji raketkasy adyny hem gazandy. 2024-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri bu derejäni 28 ýaşly Arina Sobolenko saklap gelýärdi. 

14-nji sentýabrda WTA reýtingi täzelener we dünýäniň birinji raketkasy derejesi ilkinji gezek 27 ýaşly Rybakina geçer. Gazagystanly türgen bu ady US Open ýaryşynyň çärýek finalyndaky ýeňşiniň netijeleri boýunça özüne kepillendiripdi.