Australian Open – 2026-da tas $75 mln pul baýragy berler

10.01.2026, 06:131,766

Awstraliýanyň tennis boýunça Açyk çempionaty 2026-njy ýylda ýaryşyň baýrak gaznasynyň möçberini mälim etdi. Şu ýyl umumy mukdar 74,9 mln dollar (111,5 mln Awstraliýa dollary) bolar.

Geçen möwsüm bilen deňeşdirilende, ýaryşa gatnaşyjylara tölegler 16% ýokarlandy.
Pul baýraklarynyň esasy bölegi, adatça, ýekelikdäki ýaryşda paýlanýar. Tapgyrlar boýunça tölegleriň mukdary şeýle görnüşde:

  • Birinji tapgyr – $101 müň;
  • Ikinji tapgyr – $151 müň;
  • Üçünji tapgyr – $220 müň;
  • Dördünji tapgyr – $322 müň;
  • Dörtden bir final – $503 müň;
  • Ýarym final – $839 müň;
  • Final – $1,4 mln;
  • Ýaryşda ýeňiş – $2,8 mln.

Australian Open – 2026-nyň esasy setkasynyň oýunlary 18-nji ýanwardan 1-nji fewral aralygynda geçiriler.
Ýaryşyň häzirki çempiony amerikaly Medison Kiz bolup, ol finalda belarusly Arina Sobolenkony utdy. Erkekleriň arasynda Australian Open – 2025-iň ýeňijisi dünýäniň ikinji raketkasy, italiýaly Ýannik Sinner boldy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.