Urugwaýly inžener ýüzin ýatyp sürülýän giperkar döretdi

Şu gün, 18:101,924
1 / 10

Urugwaýly inžener Santýago Sançes Riwero sürülişi üýtgeşik Sanrivatti One trek giperkaryny işläp düzdi. Apex Position diýlip atlandyrylýan bu gurluşda sürüji ulagda ýüzin ýerleşýär: kelle öňe gönükdirilip, eller rula, aýaklar bolsa yza - pedallara uzadylýar. Bu barada Motor1 neşiri habar berýär.

Döredijiniň hasaplamalaryna görä, şeýle ornaşma sürüjä dik ugur boýunça 28 graduslyk görüş burçuny üpjün edýär. Adaty giperkarlarda bu görkeziji 15,5 gradusa deňdir. Mundan başga-da, ýörite G-Force Neutralizing System ulgamy sürüjä motosiklçiler ýaly öwrümlerde gapdala gyşaryp, bedeniň massasyny agram düşýän tarapa görä sazlamaga mümkinçilik berýär.

Sanrivatti One modeli 800 at güýjüne eýe bolan, göwrümi 5,5 litrlik atmosferaly V10 Judd hereketlendirijisi, alty tizlikli yzygiderli geçiriji we yzky tigirlerden hereketlenme ulgamy bilen üpjün ediler. Işläp düzüjiler, takmynan, 1100 kg gury agram bilen sagatda 320 km-den hem ýokary geçmegi göz öňünde tutýarlar.

Awtoulag karbon süýümli monokok kuzowyň esasynda ýasalar. Şeýle-de onda ýaryş üçin niýetlenen asma ulgam, AP Racing tormozlary, Braid kompaniýasynyň guýma magniý diskleri we Michelin tekerleri ulanylar.

Ilkinji awtoulaglary müşderilere 2030-njy ýylda gowşurmak meýilleşdirilýär.