Nissan ananas ýapraklarynyň süýümlerinden awtoulag kapodyny işläp taýýarlady

Şu gün, 17:561,765
1 / 5

Nissan we FOOD REBORN kompaniýalary bilelikde ananas ýapraklarynyň süýümleri bilen berkidilen täze kompozit materialdan awtoulag kapodyny işläp taýýarlady.

Ýapon kompaniýasynyň 17-nji noýabrdaky resmi habaryna görä, ol, ilkinji nobatda, awtosport üçin niýetlenendir. Çünki, bu ugurdaky käbir ýaryşlarda kuzowyň adaty metal ýa-da arassa karbon böleklerini tebigy süýümlerden ýasalan materiallar bilen çalşyrmak talap edilýär.

Nissan eýýäm önümçilik tehnologiýasyny hyzmatdaşyna geçirmäge girişdi, ýöne materialyň seriýaly awtoulaglara ornaşdyryljak möhleti häzirlikçe näbelli.

Önümçilik prosesi ananas ýapraklaryndan süýümleri almagy, olary tekiz ýüplüge öwürmegi we mata dokamagy öz içine alýar. Soňra oňa şepbik siňdirilip, kuzow böleklerini galyplamak üçin aralyk ýarym fabrikat bolan prepreg materialy alynýar.

Kompaniýanyň içerki synaglarynyň netijeleri boýunça, täze ananas materialy dartylma berkligi boýunça zygyr esasyndaky adaty materiallardan üstün çykýar. Ýöne kompaniýa heniz anyk görkezijileri, kapodyň agramyny we önümçiligiň bahasyny aýan etmedi.

Nissan kompaniýasynyň tehnologik ugrunyň ýolbaşçysy Tasudzo Tomita bu taslamanyň konserniň, adatça, ulanylmaýan we zyňylýan galyndy önümleri awtosportdaky çylşyrymly şertler üçin ýokary netijeli çözgütlere öwürmek ukybyny görkezýändigini belledi.

FOOD REBORN kompaniýasynyň ýolbaşçysy Etsuko Uda ananas ýapraklary ýaly oba hojalyk galyndylaryny awtoulaglar we sport harytlary üçin ýokary netijeli materiallara öwürmegiň uly ähmiýete eýedigini we bu ugry ösdürmegiň dowam etdiriljekdigini nygtady. 

Kompaniýanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) statistikasy esasynda beren bahasyna görä, dünýäde her ýyl 50 million tonnadan gowrak ananas ýapragy zyňylýar, bu bolsa uly çig mal binýadyny emele getirýär.

Ösümlik çig maly awtoulag senagatynda öňem ulanylýar: mysal üçin, Volvo kompaniýasy EX30 modeliniň salonynda biomateriallary we Dark Flax bezegini ulanýar. Ýöne, olardan tapawutlylykda, Nissan hut daşky kuzow paneline ünsi gönükdirýär.

Kapot ilkinji gezek 18–20-nji noýabr aralygynda Tokioda geçiriljek «SAMPE Japan 2026» sergisinde görkeziler.