3 million dollarlyk Bugatti Chiron-y pokemon bilen bezediler

Şu gün, 20:251,381
1 / 3

Telekeçi we «Pokémon» kartlarynyň kolleksioneri Ýukong Pen 2019-njy ýylda öndürilen Bugatti Chiron awtoulagynyň daşky görnüşini üýtgedip, onuň gabarasyny pokemonlaryň suratlary bilen bezedi.

Chiron-yň kuzowy mawy öwüşginli goýy gök reňklerde ýerine ýetirildi, iki gapysy bolsa «Pokémon» personažy bilen bezeldi. Bu işewüriň kolleksiýasyndaky şular ýaly bezelen ýeke-täk gymmat bahaly model däldir. Mundan öň ol Lamborghini Urus awtoulagyny Mega Charizard Y-nyň stilinde üýtgedipdi.

Bugatti Chiron awtoulagyny üýtgetmek işlerinde telekeçi diňe kuzowy bezemek bilen çäklendi. Ol giperkaryň tehniki bölegine degmedi. Indi ýollarda ýapon multfilminiň gahrymanlarynyň şekilleri bolan, bahasy azyndan 3 million dollarlyk giperkara duş gelmek bolar.

Şol bir wagtyň özünde, Bugatti kompaniýasynyň Chiron modeliniň bu nusgasyna hiç hili dahylynyň ýokdugyny bellemek gerek: awtoulagy üýtgedip gurmak bilen Ýukong Peniň özi meşgullandy. Ol awtoulagy 1800 km ýol geçen ýagdaýynda, hatda ony hut özi gözden geçirmezden satyn alandygyny aýtdy.

Chiron giperkary dört turbinaly 8 litrlik W16 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylýar, ol 1500 at güýjüne we 1600 N/m aýlaw pursadyna eýedir. Awtoulag 2,4 sekuntda 100 km/sag tizlige çenli bat alýar, onuň iň ýokary tizligi bolsa 420 km/sag bilen çäklendirilýär.

Peniň aýtmagyna görä, ol bu awtoulagy bilen tematik sergilere gatnaşmagy meýilleşdirýär. Mundan başga-da, ol «Pokémon» janköýerlerine giperkaryň rulunyň başynda oturmaga rugsat berjekdigini aýdar. Awtoulagy üýtgetmek işiniň näçä düşendigini telekeçi aýan etmeýär.