Toyota Lexus-dan hem ýokary derejeli Century markasyny dünýä bazaryna çykarar

Düýn, 12:505,268
1 / 2

Toyota kompaniýasy kaşaň awtoulaglary bilen tanalýan Century markasynyň Ýaponiýanyň çäginden daşary bazarlarda hem satuwyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda bu markanyň awtoulaglary, esasan, Ýaponiýada, şeýle-de az mukdarda Hytaýda satylýar. Bu barada Japan Times neşiri habar berýär.

Bu kysymly krossoweriň Detroýtda görkezilmegini Century-niň halkara bazara çykarylmagynyň ähtimal alamatlary diýip hasaplap bolar. Toyota kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Akio Toýoda Century-ni awtoulag şöhraty zalyndaky kabul ediş dabarasyna alyp geldi. Kompaniýanyň tehniki direktory Hiroki Nakadzimanyň aýtmagyna görä, munuň maksady bu awtoulagy ABŞ-nyň awtoulag senagatynyň wekillerine görkezmek we onuň dünýä bazary üçin niýetlenendigini nygtamakdan ybaratdyr.

Toyota şu wagta çenli Century markasy bilen çäkli mukdarda kaşaň sedanlary öndürýärdi. 2025-nji ýylda bu topara krossower hem goşuldy. Soňra kompaniýa öz markalarynyň gurluşyny üýtgedip, Century-ni aýratyn marka hökmünde bölüp çykardy we ony Lexus-dan hem ýokary derejede ýerleşdirdi.

Täze bazarlara çykmak diňe bir abraý bilen däl, eýsem ykdysady zerurlyk bilen hem bagly bolup biler. Japan Times we Bloomberg neşirleriniň maglumatlaryna görä, Toyota 2025-nji ýylda, takmynan, 500 sany Century awtoulagyny satdy. Bu görkeziji diňe Ýaponiýanyň içerki bazaryna bil baglamak bilen markany ösdürmek üçin edilýän çykdajylary ödemäge ýeterlik däl.

Şeýlelik bilen, Toyota, esasan, Ýewropanyň awtoulag öndürijileriniň agdyklyk edýän örän ýokary kaşaň awtoulaglar bazaryndaky alyjylary özüne çekmäge synanyşmak isleýäne meňzeýär. Ýöne kompaniýa tarapyndan bu arzyly markasynyň ABŞ-nyň, Ýewropanyň ýa-da beýleki sebitleriň bazarlaryna haçan çykaryljakdygy heniz anyk mälim edilmedi.