Toyota Corolla iň ygtybarly awtoulag diýlip atlandyryldy

Şu gün, 12:472,091

Toyota Corolla Britaniýanyň Fleet News neşiri tarapyndan her ýyl çap edilýän FN50 Reliability Awards sanawynda birinji orny eýeledi. Ikinji orun BMW 3 Series-e, üçünji orun bolsa Tesla Model 3-e berildi.

Sanaw Beýik Britaniýanyň iň uly 50 sany lizing kompaniýasynyň maglumatlaryna esaslanýar, olaryň awtoulag parky 1,5 milliondan gowrak ulagdan ybarat. Bahalandyrmada soňky 12 aýyň dowamynda awtoulaglaryň näsazlyklar sebäpli ulanylmaýan günleriniň sany hem hasaba alyndy.

Iň gowularyň onlugyna aşakdakylar girdi:

1. Toyota Corolla;
2. BMW 3 Series;
3. Tesla Model 3;
4. BMW i4;
5. Kia Sportage;
6. Lexus NX;
7. Polestar 2;
8. Tesla Model Y;
9. Toyota RAV4;
10. Hyundai Tucson.

Awtoulag brendleriniň sanawynda birinji orny BMW, ondan soň Toyota we Tesla eýeledi. Şeýle-de ilkinji onluga Volkswagen, Kia, Mercedes-Benz, Audi, Volvo, Lexus we Nissan girdi.

Tesla bir ýylyň dowamynda sekizinji orundan üçünji orna geçip, iň uly ösüşi görkezdi.

FN50-niň netijeleri, esasan, korporatiw awtoulag parklarynyň tejribesini görkezýär we awtoulagyň her bir wersiýasynyň, hereketlendirijisiniň ýa-da model ýylynyň ygtybarlylygynyň umumy bahalandyrmasy däldir.