Toyota kompaniýasy ýangyjyň syzmagy we onuň netijesinde ýangyn döremek howpy sebäpli ABŞ-da 105 794 sany Land Cruiser 250 krossowerini yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. Hyzmat kampaniýasy 2023-nji ýylyň noýabr aýyndan 2026-njy ýylyň oktýabr aýyna çenli öndürilen awtoulaglary öz içine alýar.
Näsazlyk ýangyç çeleginden gelýän plastik ýangyç geçirijisi bilen metal ýangyç geçirijisiniň arasyndaky ýeňil aýrylýan birikme bilen baglanyşyklydyr. Birleşdirijiniň berkidijisi ýerinden süýşüp, birikmäniň açylmagyna sebäp bolup biler. Hereketlendiriji işleýän wagty ýangyç nasosy, entek hereketlendiriji awtomatiki usulda öçüp ýetişmänka, birnäçe litr benzini daşyna döküp biler.
Toyota kompaniýasynyň hünärmenleri näsazlyk barada şikaýat etmedik müşderilere degişli 600-e golaý awtoulagy barladylar. Berkidijiniň ýerinden süýşendigi diňe bir ýagdaýda ýüze çykaryldy. Şeýle bolandygyna garamazdan, munda hem ýangyç geçirijisi jebis ýagdaýda galyp, syzmazlygy üpjün edipdir. 2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň başyna çenli kompaniýa ABŞ-da bu düwün bilen bagly 64 sany kepillik ýüz tutmasyny alypdyr.
Inženerler berkidijiniň öz-özünden sypmagyny tejribe şertlerinde gaýtalap bilmediler, şeýle hem gurluşda ýa-da önümçilikde kemçilikleri ýüze çykarmadylar. Muňa garamazdan, Toyota bolup biljek howpy göz öňünde tutup, awtoulaglary meýletin yzyna çagyrmak kararyna geldi.
Munda resmi dilerler birleşmäni mugt barlap, goşmaça berkidiji gysgyç oturdarlar. Zerur bolan ýagdaýynda bolsa hünärmenler ýangyç turbasyny hem çalşarlar.