Toyota düýbünden täze Corolla modelini taýýarlaýar

Düýn, 17:355,721
1 / 5

Toyota kompaniýasy eýýäm geljek ýylda peýda bolup biljek Corolla modeliniň täze neslini taýýarlaýar. Deslapky maglumatlara görä, adaty sedan indi liftbek gabarasynda, zarýad berilýän gibrid we doly elektrik görnüşde çykarylyp bilner.

Corolla Toyota-nyň iň köp satylýan modelleriniň biri bolmagynda galýar: ýylyň ilkinji alty aýynda ABŞ-daky dilerler eýýäm 131 403 awtomobil satdy. Bu geçen ýylkydan 9,5% köp. Häzirki modeliň eýýäm on ýyla golaý wagt bäri çykarylýandygyny göz öňünde tutsaň, bu görkeziji haýran galdyrýar.

Täze Corolla-nyň dizaýnynyň 2025-nji ýylda Japan Mobility Show sergisinde hödürlenen Corolla konseptine çalymdaş bolmagyna garaşylýar. Car and Driver neşiriniň maglumatlaryna görä, awtomobil häzirki sedan bilen hetçbegiň aýratynlyklaryny özünde jemleýän liftbegiň kuzowyna geçirilip bilner. Şol bir wagtda Toyota girdejililigi ýokarlandyrmak üçin modelleriň görnüşlerini azaltmaga çalyşýar, bu Corolla hataryna hem täsir edip biler.

Täze modeliň TNGA-C platformasynyň täzelenen görnüşini we güýç enjamynyň dörde çenli görnüşini aljakdygy çaklanylýar.

Gibrid görnüşi umumy kuwwaty 134 at güýjüne deň bolan täze 1,5 litrlik dört silindrli hereketlendirijini ulanyp biler. Şol bir wagtyň özünde, ýangyç sarp edilişiniň 10–20% azalmagyna garaşylýar. Şeýle hem goşmaça doly ýörediji ulgamyň saklanyp galmagy mümkin.

Batareýasy ulaldylan we ep-esli güýçli elektromotory bolan zarýad berilýän gibrid has tygşytly alternatiwa bolar. Doly elektrik görnüşi bolsa iki hereketlendirijili doly ýörediji ulgamyny hem-de azyndan 402 km ýol ätiýajyny alyp biler.

Benzinli görnüş 1,5 ýa-da 2,0 litrlik turbinaly hereketlendiriji bilen hödürlenip bilner. GR Corolla modeli üçin bolsa 400 at güýjüne çenli kuwwaty bolan 2,0 litrlik turbomotor göz öňünde tutulýar.