Hytaýyň asmanynda «kosmos meduzasy» peýda boldy

Düýn, 16:404,012
1 / 2

Hytaýda Long March 6A raketa göterijisi uçurylandan soň, asmanda ýagty saçýan üýtgeşik şekilli bulut peýda boldy. Sosial torlaryň ulanyjylary bu adaty bolmadyk hadysa «kosmos meduzasy» diýip at berdiler. Täsin hadysa Hytaýyň birnäçe sebitiniň ýaşaýjylary şaýat boldy diýip, Sohu neşiri habar berýär.

Adaty bolmadyk şekildäki ýagty yz 23-nji oktýabrda Taýýuan kosmodromyndan raketa uçurylandan soň emele geldi. Ol Şansi, Hebeý, Şandun, Hainan welaýatlarynda we Hytaýyň beýleki sebitlerinde göründi.

Long March 6A raketasy Yaogan-50–03 gözegçilik hemrasyny orbita çykardy. Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň maglumatyna görä, hemra ýer kadastryny geçirmekde, hasyllylygy bahalandyrmakda, şeýle hem tebigy betbagtçylyklar barada öňünden duýdurmakda we olaryň ýetirýän zyýanyny azaltmakda ulanylar.

Meduza meňzeş ýagty şekiller raketa ýokary belentlige uçurylanda emele gelip bilýär. Raketanyň hereketlendirijisinden çykýan gazlaryň we suw bugunyň atmosferanyň howa dykyzlygy pes gatlaklarynda ýaýramagy hem-de gün şöhlesiniň garaňky asmany ýagtyltmagy bu yzlary şeýle üýtgeşik görnüşe getirýär.