Gimalaý buzluklary öz massasyny öňküden 65% çalt ýitirip başlady

Düýn, 20:014,059

Gimalaý daglaryndaky buzluklar on ýyl ozalky bilen deňeşdirilende massasyny 65 göterim çalt ýitirýär. Bu ýagdaý sebitde we millionlarça adamyň ýaşaýşynda howpsuzlyk töwekgelçiliklerini ýokarlandyrýar. Bu barada «Reuters» habarlar gullugy 2026-njy ýylyň sentýabrynda çap edilen ekologlaryň giňişleýin hasabatyna salgylanyp habar berýär.

Gözleg Systemiq kompaniýasy, Integrated Mountain Initiative, Daglyk sebitleri toplumlaýyn ösdürmegiň halkara merkezi we Hindistandaky G. B. Pant adyndaky Gimalaý daşky gurşaw milli instituty bilen bilelikde geçirildi.

Birleşen Milletler Guramasy hem sebitde görlüp-eşidilmedik durnuksyzlygyň ýüze çykýandygyny duýdurýar. 2026-njy ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Nepalyň we Tibetiň serhedinde ägirt uly buzlugyň opurylmagy güýçli suw joşmasyna we süýşgünlere sebäp boldy. Suw akymy öýleri, ýollary, köprüleri we energetika infrastrukturasynyň desgalaryny weýran etdi. Şeýle hem Nepalyň we Hytaýyň serhedindäki «Gýirong» serhet geçelgesini süpürip äkitdi. Heläkçilikde azyndan 1 300 adam pida boldy.

Buzluklar yza çekildigiçe, olaryň ýerinde gowşak gaýalar we buzlar bilen saklanýan durnuksyz buzluk kölleri emele gelýär. Bu köller bolsa millionlarça adamyň ýaşaýan jülgeleriniň ýokarsynda ýerleşýär.

Häzirki wagtda Hindiguş-Gimalaý dag ulgamyndaky 40 müň töweregi buzlukdan diňe 21 sanysyna gözegçilik alnyp barylýar.

Hindistanda ýokary töwekgelçilikli kategoriýa degişli edilen 200-e golaý buzluk köli bolup, olardan 56 sanysy «örän ýokary töwekgelçilikli» diýlip kesgitlendi. Gimalaý sebiti Hindistanyň çäginiň 18%-ini eýeleýär we ýurtda bolup geçýän tebigy betbagtçylyklaryň 35%-i hut şu sebitiň paýyna düşýär.