Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde rekord derejä ýeten çabgalardan soň 2 milliona golaý ýaşaýjyny gyssagly göçürmeli edildi. Şäherde bir sagadyň dowamynda 104,5 mm ýagyş ýagdy. Bu gözegçilikleriň tutuş taryhyndaky iň ýokary görkeziji boldy diýip, «Ýomiuri» gazeti habar berýär.
Aýti prefekturasynda güýçli ýagyn eýýäm iki gün bäri dowam edýär. Nagoýanyň merkezi Sakae etrabynda köçeleri suw basdy, onuň derejesi dyza ýetdi. Şäheriň köp hereketli wagtynda otlylaryň, awtobuslaryň we beýleki jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnawy togtadyldy. Ylaýta-da, JR, Meitetsu kompaniýalarynyň we Nagoýa şäher metrosynyň işi wagtlaýynça saklanyldy.
Öýlerine baryp bilmedik adamlar üçin Nagoýa demir ýol menziliniň golaýynda we şäheriň beýleki ýerlerinde wagtlaýyn ýerleşdiriş nokatlary döredildi.
Ýaponiýanyň Meteorologiýa gullugy Şonai derýasy boýunça suw joşguny bilen bagly bäşinji derejeli aýratyn duýduryş berdi. Týubu sebitleýin ösüş býurosynyň maglumatyna görä, prefektura hökümetiniň garamagyndaky 15 sany ýerasty geçelgäniň ikisini suw aldy. Häzirlikçe zyýan we şikes alanlar barada maglumat ýok.
Rekord derejedäki 104,5 mm ýagyn Nagoýada 8-nji sentýabrda sagat 15:53 bilen 16:53 aralygynda ýagdy. Ondan öňki iň ýokary görkeziji 97 mm bolup, ol 2000-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Tokai sebitinde hasaba alnypdy.
9-njy sentýabrda sagat 18:00-a çenli şäheriň käbir etraplarynda ýene 200 mm-e çenli ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Ondan soňky 24 sagadyň dowamynda ýene 80 mm-e çenli ýagyş ýagmagy mümkin. Meteorologlar zolaklaýyn ýagnyň emele gelmegi sebäpli ýagşyň mukdarynyň kä ýerlerde has-da artyp biljekdigini duýdurýarlar.