BMG: tokaý ýangynlarynyň tüssesi ýylda 100 müň goşmaça pida getirýär

Düýn, 20:592,261

Tebigy ýangynlaryň tüssesi 2010-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli bolan döwürde ýylda, takmynan, 100 müň goşmaça ölüme getirdi. Bu barada Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň (BMG) býulleteninde habar berilýär.

Guramanyň maglumatyna görä, güýçli tokaý ýangynlarynyň sany artýar, bu bolsa tüssäniň zäherliligi sebäpli adam saglygyna howp salýar.

«1990-njy ýyllardan bäri dünýäde ýangynlar sebäpli howply derejedäki tüsseçilige getirýän ýagdaýlaryň sany üç esse artdy, bu bolsa bar bolan baha bermelere görä, 2010-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli bolan döwürde ýylda 100 müňe golaý goşmaça ölüme getirdi» – diýip, býulleteniň awtorlary belleýär.

Hünärmenler hakyky sanlaryň mundan hem köp bolup biljekdigini sözüniň üstüne goşýar. Çünki töwekgelçilikleri bahalandyrmagyň bar bolan modelleri tüssäniň zäherlilik derejesini göz öňünde tutmaýar we onuň bilen baglanyşykly ölüm derejesini 93%-e çenli peseldip görkezýär.

Şeýle hem Meteorologiýa guramasy ýangynlaryň we yssynyň netijesinde hapalanmagyň artmagynyň howanyň hilini gowulandyrmak boýunça halkara tagallalary puja çykaryp biljekdigini duýdurýar.

Guramanyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda saglyk üçin howply bolan PM2,5 maýda dispers bölejikleriniň konsentrasiýasy Kanadanyň demirgazygynda, Russiýanyň çäkleriniň bir böleginde hem-de Günbatar we Merkezi Afrikada ortaça görkezijilerden ýokary boldy. Hünärmenler muny ýangynlaryň sanynyň artmagy bilen baglanyşdyrýar. Geçen ýyl güýçli hapalanma zolaklarynyň ýene biri Ispaniýanyň demirgazyk-günbatary boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.