Indoneziýada içi 243 adamly gämi agdaryldy: olaryň 140-sy tapylanok

Düýn, 14:315,388

Indoneziýanyň Ýawa deňzinde «Virgo Transport 8» atly gäminiň agdarylmagy netijesinde bir adam aradan çykdy, 102 adam halas edildi, ýene 140 adam bolsa dereksiz ýitdi. Ýurduň halas ediş gullugynyň soňky maglumatlaryna görä, gämide jemi 243 adam bolan eken.

Parom Surabaýa şäherinden Banjarmasine tarap ugrapdyr. Ýolda güýçli tupan turup, deňizde beýikligi 3 metre çenli ýetýän tolkunlar emele gelipdir. Gäminiň kapitany tolkunlaryň ýagdaýy barada habar berenden soň, soňam gäminiň bir tarapa agýandygyny aýdyp, howp hakda duýduryş iberipdir. 

Banjarmasiniň gözleg-halas ediş gullugy gäminiň soňky ýerleşen ýeridir diýlip çaklanylýan sebite halas ediş gämileri we dikuçar iberýär. Olara günortana çenli diri galan 102 adamy halas etmek başartdy.

Halas edijiler, özleriniň aýtmagyna görä, örän howply şertlerde işläp, beýikligi 2,5 metre ýetýän tolkunlar bilen göreşmeli bolupdyrlar.

Indoneziýa 17 müňden gowrak adadan ybarat ýurt bolandygy sebäpli, adalaryň arasynda gatnaw üçin paromlar esasy ulag serişdeleriniň biri bolmagynda galýar.