Etna wulkany 4 kilometr beýiklige kül pürkdi

Düýn, 13:554,521
1 / 3

Sisiliýadaky Etna wulkanyndan 4 kilometr beýiklige ýetýän kül sütüni pürküldi. Kül tüssesiniň buludy günorta, Kataniýa şäherindäki howa menziline tarap süýşüp barýar.

Bu barada Italiýanyň Milli geofizika we wulkanologiýa instituty (INGV) tarapyndan berlen maglumatlara salgylanýan ANSA habar berýär.

INGV howa gatnawy üçin uçuşlaryň howpludygy barada iň ýokary derejeli — gyzyl duýduryş yglan etdi. AFP agentliginiň habar bermegine görä, Kataniýa howa menzili hem işini wagtlaýyn togtatdy.

Etna wulkanynyň güýçli atylmasy 30-njy iýulda başlandy. Şonda wulkanyň küli, takmynan, 7 kilometr belentlige ýetipdi.

6-njy awgustdan başlap, Etnanyň işjeňligi sebäpli Kataniýa howa menzili iki hepdelik ýapyldy.