Taýmyr ýarym adasynyň Hatanga aýlagyna 200 tonna golaý dizel ýangyjy döküldi

Şu gün, 14:351,189

Russiýanyň Taýmyr ýarym adasynda dizel ýangyjynyň Hatanga aýlagyna dökülmegi sebäpli sebit derejesinde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Hadysa 15-nji sentýabrda Syndassko şäherçesinde, ýangyç saklanýan gaba zeper ýetmegi sebäpli ýüze çykdy diýip, Ngs24 habar berýär.

Deslapky maglumatlara görä, aýlaga 170–200 tonna töweregi möçberde dizel ýangyjy dökülipdir. Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň ilki beren maglumatynda takmynan 170 tonna ýangyjyň dökülendigi aýdylýardy. Syzyp çykan ýangyjyň takyk mukdaryny anyklamak işleri dowam edýär.

TASS-yň çeşmeleriniň maglumatyna görä, heläkçilige güýçli tupan sebäp bolupdyr. Suwuň derejesiniň ýokarlanmagy netijesinde kenaryň golaýynda ýerleşýän ýangyç saklanýan gaby suw basypdyr. Bu gap birnäçe şäherçäni elektrik energiýasy bilen üpjün edýän «Taýmyr Alýans Treýding» kompaniýasyna degişli.

Adatdan daşary ýagdaýyň netijelerini ýok etmek işleri Taýmyr etrabynyň ýolbaşçysy Alekseý Çlenowa tabşyryldy. Ol daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň göz-görtele alamatlarynyň ýüze çykarylmandygyny aýtdy. Ýerli häkimiýetleriň berýän maglumatyna görä, Syndassko şäherçesiniň ýaşaýjylarynyň janyna we saglygyna hiç hili howp abanmaýar.

«Nebit önümleri şäherçäniň ýaşaýjylarynyň agyz suwy üçin peýdalanýan suw howdanyna düşmedi» diýlip, etrap häkimliginiň habarynda aýdylýar.

Syndassko Russiýanyň iň demirgazygynda ýerleşýän ilatly ýerleriň biridir. Bu ýerde 500 töweregi adam ýaşaýar. Etrabyň ýolbaşçysy ätiýaçlyk gaplarda, takmynan, 10 güne ýeterlik ýangyjyň saklanýandygyny belleýär.