Britaniýanyň demir ýol kompaniýasynyň birnäçe otlusynyň gatnawy wagtlaýyn ýatyryldy. Muňa West Marina deposynda aşa köp tagtabitleriň ýaýramagy sebäp boldy. Bu depoda London bilen Kentiň arasynda gatnaýan otlulara tehniki hyzmat edilýär diýip, Daily Mail neşiri habar berýär.
Tagtabitler işgärleriň iş ýerlerinde, hatda olaryň şahsy torbalarynda-da ýüze çykaryldy. Maşinistler ýolbaşçylaryň öz şikaýatlaryna üns bermeýändigini aýdyp, işe çykmakdan ýüz öwürdiler. Işgärleriň biri özüne gorag eşiginiň berilmegini talap etdi, emma onuň islegi-de kanagatlandyrylmady.
Netijede, kompaniýa birnäçe otly gatnawyny ýatyrmaga mejbur boldy. Tagtabitleriň ýolagçy wagonlaryna ýaýramagynyň öňüni almak üçin otlularyň sürüji kabinalary möhürlendi.