Praganyň demir ýol köprüsinde iki otly çaknyşdy: 46 ýolagçy şikes aldy

Düýn, 18:353,840
1 / 2

17-nji noýabrda irden Çehiýanyň paýtagty Pragada Baş demir ýol menziliniň golaýynda iki sany şäherýaka otlusy çaknyşdy. Hadysanyň netijesinde 46 adam dürli derejede şikes aldy, olaryň dördüsiniň ýagdaýy agyr diýip, Radio Prague International habar berýär.

Waka menzile barýan ýoluň ugrunda ýerleşýän demir ýol köprüsinde bolup geçdi. Otlular pes tizlikde hereket edendigi sebäpli, çaknyşygyň güýji onçakly uly bolmady.

Deslapky maglumatlara görä, heläkçilige otlularyň biriniň maşinistiniň gadagan ediji duýduryş signalyna gulak asmanlygy sebäp bolupdyr.

Çaknyşykdan soň bu bölekde demir ýol gatnawy wagtlaýyn togtadyldy. Birnäçe sagadyň dowamynda otlular beýleki menzillere gönükdirildi.

«Çehiýanyň demir ýollary» iki otlynyň ýolagçylaryna ýetirilen beden şikesleri we maddy zyýan üçin öwez tölegini tölemäge taýýardygyny mälim etdi.