Günde köp sanly tegmilleriň hasaba alynýandygyna garamazdan, ýyldyzyň işjeňligi ep-esli peseldi. RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Gün, megerem, «uklandyr», ýöne bu ümsümligiň näçe wagt dowam etjekdigi häzirlikçe näbelli.
«Umuman aýdanyňda, Günde işjeň ýagdaýyň alamatlary bolup durýan köp sanly tegmiller görünýär, ýöne hakykatda işjeňlik ýok diýen ýaly. Şonuň üçin ýyldyz, megerem, uklandyr; diňe munuň näçe wagta çekjekdigini anyklamak galdy. Häzirki tapgyrda arakesmeler bir aý we ondan hem köp dowam edip biler» diýlip, habarda aýdylýar.
Gün partlamalary bes etdi diýen ýaly we ýakyn iki-üç günüň dowamynda olaryň işjeňligi düýbünden kesilip biler. Geomagnit ýagdaýy eýýäm sekiz gün bäri asuda bolmagynda galýar, ýöne 16-njy noýabrda uly bolmadyk koronal deşiginden gelýän gün ýeliniň akymy sebäpli ýagdaý üýtgäp biler. Gowşak magnit tupanynyň ähtimallygy 56 göterim, geomagnit tolgunmalarynyň ähtimallygy bolsa 35 göterim diýlip bahalandyrylýar. Eger tupan başlansa, ol gysga wagtlaýyn bolar diýip, barlaghanada bellenildi.