Messi Buenos-Aýres uniwersitetiniň hormatly doktory bolar

Düýn, 22:191,324
1 / 2

Buenos-Aýres uniwersiteti (UBA) Argentina milli futbol ýygyndysynyň kapitany Lionel Messä özüniň iň ýokary hormatly derejesini bermegi karar etdi. Baýrak gowşurylyş dabarasy futbolçynyň milli ýygyndynyň düzüminde Beninä garşy oýnajak hoşlaşyk oýnunyň öňüsyrasynda, «El Monumental» stadionynda geçiriler.

Uniwersitetiň Ýokary geňeşiniň kararynda Messiniň futbol karýerasynyň «ussatlygyň, tutanýerliligiň, kiçigöwünliligiň we ahlak ýörelgelerine ygrarlylygyň» nusgasydygy, şeýle hem Argentinanyň we onuň gymmatlyklarynyň dünýäde tanadylmagyna goşant goşýandygy bellenilýär.

UBA-nyň rektory Rikardo Gelpi uniwersitetiň diňe bir Messiniň sportdaky üstünliklerini däl, eýsem, onuň şahsy häsiýetlerini hem bellemek isleýändigini aýtdy.

«Argentinalylaryň ählisi Messiniň sportçy hökmünde derejesini görkezýän sanlary we statistikany bilýär. Emma biz onuň kiçigöwünli we tutanýerli adamdygyny, halkymyzyň medeniýetiniň hem-de milli özboluşlylygymyzyň nusgasy we ilçisi bolup durýandygyny hem nygtamak isleýäris» diýip, Gelpi belledi.

Ol bu baýragyň Messiniň sportda we ondan daşary ugurlarda gazanan «ajaýyp üstünliklerini, şeýle hem onuň kämilligiň nusgasyna öwrülendigini» görkezmelidigini tekrarlady.

UBA-nyň wise-rektory Emiliano Ýakobittiniň bellemegine görä, futbolçy Argentinanyň adyndan «batyrgaýlyk we hormat bilen» çykyş edip, milli ýygyndyny dünýä futbolynyň iň ýokary derejesine çykardy. Onuň pikiriçe, hormatly doktorlyk derejesi Messiniň futbol karýerasy bilen çäklenmän, eýsem, tutuş Argentina jemgyýetiniň adyndan bildirilýän minnetdarlygyň nyşanydyr.

Messiniň Argentina milli ýygyndysyndaky hoşlaşyk oýny 7-nji oktýabra geçilýän gije bolar. Bu duşuşygyň ähli petekleri bary-ýogy dört minutyň içinde satylyp gutardy.