Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Şu gün, 09:372,761

12-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Söhbetdeşler birek-biregi mähirli mübärekläp, iki dostlukly ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki derejesine kanagatlanma bildirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygy berkitmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi. Ýolbaşçylaryň arasynda geçirilýän duşuşyklaryň we gazanylýan ylalaşyklaryň gatnaşyklary giňeltmek üçin binýat bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.

Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygynyň hem möhüm ähmiýete eýe bolandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy özbek Lideriniň senagat kooperasiýasy, maýa goýum, ulag-logistika, energetika, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça öňe süren başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistandan soňra GDA-da başlyklyk etmegiň Özbegistana geçmeginiň aýratyn buýsandyryjy ýagdaýdygyny belläp, Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen ykdysady, azyk, energetika hem-de kiberjenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça teklipleriň bu döwürde durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow «Tatar gyzy» halkara bäsleşiginde Özbegistanyň wekiliniň baş baýragy gazanmagy bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewi gutlady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giň gerim bilen ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.