Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlardaky möwsümleýin işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy

Şu gün, 07:464,033

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurduň oba hojalygynda alnyp barylýan möwsümleýin işler we sebitlerdäki gurluşyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Bäş welaýatyň häkimleri pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň gidişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalygynda alnyp barylýan möwsümleýin çäreleriň çäginde sebitlerde pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ösdürilip ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, tehnikalary, pagta arassalaýjy kärhanalary we kabul ediş harmanhanalaryny netijeli işletmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Şol bir wagtyň özünde, bugdaý ekişi dowam etdirilip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Mundan başga-da, güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnamak hem-de içerki bazarlara ýetirmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy dowam edýär, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa ideg işleri alnyp barylýar.

Hasabatyň dowamynda Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimleri Balkanabat we Mary şäherlerinde saglygy goraýyş desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli ýaşaýjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle-de iş maslahatynyň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky maksatnamalara hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak işleriniň depginlerini güýçlendirmegiň, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany tehnikalaryň doly güýjünde işledilmegini, azyk bolçulygyny pugtalandyrmagy we şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de bellenilen möhletlerde tamamlanmagyny berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere we welaýatlaryň ýolbaşçylaryna tabşyrdy.