9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awazada geçirilýän iri halkara çärelere gatnaşmak maksady bilen ýurda gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Baştutanyna halkara çärelere gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edip gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Prezident Masud Pezeşkian, öz gezeginde, Awazada geçirilýän halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini we olaryň ähmiýetini belledi.
Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýändigini aýdyp, Prezident Masud Pezeşkianyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Şeýle hem Eýranyň Prezidentiniň Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmagynyň Hazarýaka sebitinde daşky gurşawy, biodürlüligi goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine berýän goldawynyň aýdyň görkezijisidigi bellenildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Masud Pezeşkianyň ýurda saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanlary köpugurly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklap, birek-birege we iki dostlukly ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.