9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Hazar ekologiýa sammiti geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow başlyklyk etdi diýip, TDH habar berýär.
Sammitde Hazar deňziniň ekologik ýagdaýy, suw derejesiniň peselmegi we deňziň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak üçin kenarýaka döwletleriň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň ekologiýa meseleleriniň ilkinji gezek aýratyn ugur hökmünde iň ýokary döwlet derejesinde ara alnyp maslahatlaşylýandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, ýagdaýy durnuklaşdyrmak üçin yzygiderli we toplumlaýyn çäreleri görmek, açyk dialogy, ynanyşmagy we tejribe alyşmagy dowam etdirmek zerurdyr.
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Hazaryň sebitdäki ulag we energetika geçelgeleri üçin strategik ähmiýetini belläp, deňziň ekologiýasyny goramagyň ähli kenarýaka döwletleriň umumy wezipesidigini aýtdy.
Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian suwuň derejesiniň peselmeginiň, hapalanmagyň, howanyň üýtgemeginiň we biodürlüligiň azalmagynyň özara baglanyşykly meselelerdigini nygtady. Ol bu wehimlere hiç bir ýurduň ýekelikde garşy durup bilmejekdigini belledi.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ylmy barlaglardan, döwrebap gözegçilik tehnologiýalaryndan we halkara hukuk gurallaryndan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny aýtdy.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bolsa Hazaryň suwunyň peselmeginiň tebigata täsir etmek bilen çäklenmän, sebitiň ykdysadyýetine, üstaşyr ulag geçelgelerine, iş orunlaryna we ilatyň ýaşaýyş derejesine hem täsir edýändigini belledi.
Sammitiň netijeleri boýunça Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdine gol çekildi we Hazar ekologiýa sammitiniň başlyklyk edijisiniň Beýannamasy kabul edildi.