Awazada geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen Serdar Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Lukaşenko GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de, ol Türkmenistanda Belarusyň Prezidentiniň sebitde özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän şahsy ünsüne ýokary baha berilýändigini aýdyp, Lukaşenkonyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi. Iki ýurduň BMG we GDA ýaly halkara guramalaryň çäginde işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi hem-de köptaraplaýyn görnüşde hem gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.
Ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň ulag, himiýa, nebitgaz, dokma senagaty we beýleki ulgamlary öz içine alýandygy bellenildi. Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň bilelikdäki taslamalaryň çäginde özara bähbitli netijeleri gazanmagy maksat edinýändigini aýtdy.
Söhbediň barşynda türkmen ýaşlarynyň Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygy, ylym, medeniýet, sungat ulgamynda özara Medeniýet günlerini, sergileri we ylmy maslahatlary guramak arkaly hyzmatdaşlygy dowam etmegiň zerurdygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi.