Pakistan we Türkmenistan göni awiagatnawlary dikeltmegiň üstünde işleýär

Düýn, 21:111,705

Pakistan we Türkmenistan Yslamabat bilen Aşgabadyň arasynda täjirçilik hem-de ýük awiagatnawlaryny gaýtadan ýola goýmak mümkinçiligine seredýär. Bu barada «ProPakistani» neşirine salgylanyp, Orient habar berýär.

Pakistanyň hünärmenlerine we degişli edaralarynyň wekilleriniň maglumatyna görä, göni gatnawlar harytlary daşamak we işewürlik saparlary üçin goşmaça ýol bolup biler, şeýle hem söwda ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam eder. Neşiriň maglumatlaryna görä, howa gatnawlary Owganystanyň üsti bilen amala aşyrylýan we wagtal-wagtal logistiki bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýerüsti daşamalaryň öwezini tutar diýip garaşylýar.

Pakistanyň Söwda guramalarynyň Baş müdirliginiň direktory Sabz Ali Han howa gatnawlarynyň eksportçylara täze haryt görnüşlerine bolan islegi ýüze çykarmaga we iberilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmäge ýardam etjekdigini belledi. Telekeçileriň arasyndaky gatnaşyklar, bilelikdäki sergiler we ulag infrastrukturasyny ösdürmek işewürlik üçin goşmaça mümkinçilikler bolup biler.

Makalada getirilen maglumatlara görä, 2025–2026-njy maliýe ýylynda ikitaraplaýyn söwdanyň möçberi, takmynan, 7,05 million dollara barabar boldy.

Logistika pudagynyň we Pakistanyň Awtomobil transporty halkara palatasynyň wekilleri howa gatnawlarynyň gyssagly hem-de gymmat bahaly ýükler üçin has-da amatlydygyny nygtaýar. Şol bir wagtyň özünde, iri haryt toplumlaryny eltip bermek üçin awtomobil we demir ýol transporty, Arap deňziniň portlary arkaly gatnawlar üçin bolsa deňiz ugurlary ulanylmagyny dowam etdirer.