GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi Awazada geçirilen mejlisinde maglumat giňişliginde Arkalaşygyň oňyn keşbini emele getirmek barada resminama kabul etdi diýip, THP habar berýär.
Resminama Täjigistanyň başlangyjy boýunça işlenip düzüldi. Ol GDA ýurtlarynyň abraýyna zyýan ýetirip biljek maglumat howplaryna garşy bilelikdäki çäreleri, şeýle hem jogapkärli mediasyýasaty ösdürmegi, ilatyň media sowatlylygyny ýokarlandyrmagy we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagy göz öňünde tutýar.
Arkalaşygyň döwletleri GDA-nyň we oňa gatnaşyjylaryň oňyn keşbini giňden ýaýratmaga ýardam etmäge ylalaşdy. Radikalizme çagyrýan ýa-da milletara we dini agzalalyga öjükdirýän materiallara garşy göreşmäge aýratyn üns berildi.
Şeýle hem resminama özygtyýarlylyga hormat goýmak we döwletleriň içki işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerine daýanýar.
Mundan başga-da, sammite gatnaşyjylar serhet ulgamynda Maglumat syýasatynyň esaslaryny tassyklady. Resminamanyň zerurlygy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösmegi we serhetlerde howpsuzlygyň täze howplarynyň ýüze çykmagy bilen baglydyr.
Ozal hereket eden ylalaşyklar maglumat giňişligine we maglumatlary tehniki taýdan alyşmaga umumy çemeleşmeleri düzgünleşdirýärdi, ýöne bu ulgamda bir umumy syýasaty kesgitlemeýärdi. Täze resminama GDA ýurtlarynyň ylalaşykly çäreleri, maglumat alyşmagy kämilleşdirmek we Arkalaşygyň daşky serhetleriniň howpsuzlygyny berkitmek üçin hukuk mehanizmlerini döretmäge gönükdirilendir.