Serdar Berdimuhamedow: Hazaryň suwy soňky ýüz ýylyň dowamynda iň pes derejä ýetdi

Şu gün, 07:042,788

Hazar deňziniň suwunyň derejesi soňky ýüz ýylyň dowamynda iň pes derejä ýetdi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 9-njy oktýabrda Awazada geçirilen ilkinji Hazar ekologiýa sammitinde aýtdy diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz howanyň ählumumy üýtgemeginiň Hazaryň suw deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýändigini nygtady.

Türkmenistan Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygyny giňeltmegi we Hazar ekologiýa sammitini bilelikdäki işleriň hemişelik meýdançasyna öwürmegi teklip etdi.

Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegi bilen bagly meseleler boýunça bäş ýurduň Hökümet Baştutanlarynyň orunbasarlarynyň derejesinde topar (komissiýa) döretmek baradaky başlangyjy goldady. Onuň bellemegine görä, bu topar suwuň peselmeginiň ýaramaz netijelerine garşy durmak üçin hakyky ylmy maglumatlara esaslanýan ylalaşykly çäreleri işläp taýýarlamalydyr.

Döwlet Baştutanymyz toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, bäş ýurduň alymlaryndan, bilermenlerinden, hünärmenlerinden we döwlet edaralarynyň wekillerinden ybarat ýöriteleşdirilen iş toparlaryny döretmegi hem teklip etdi. Türkmenistanyň teklibine görä, toparyň ilkinji mejlisi 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjanda geçirilip bilner.

Ýurdumyz Hazar deňziniň suw serişdelerini gorap saklamak boýunça Döwletara maksatnamany işläp taýýarlamak başlangyjyny hem goldaýar.

Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki çäreleriň Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy) we öňki sammitlerde gazanylan ylalaşyklara esaslanmalydygyny belledi. Şeýle hem ol BMG-niň düzümleri we ýöriteleşdirilen edaralary bilen dialogy işjeňleşdirmäge, ähli bäş ýurduň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge çagyrdy.

Türkmenistan 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Hazar ekologiýa başlangyjyny öňe sürüp, onuň çäklerinde Hazar ekologiýa forumyny çagyrmagy teklip edipdi. Bu başlangyç deňziň ýagdaýyna gözegçilik etmek, hapalanmagyň öňüni almak, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak üçin ylmy, tehnologik we hukuk gurallaryny birleşdirmäge gönükdirilendir.

Sammitiň netijeleri boýunça Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdine gol çekildi we sammitiň başlyklyk edijisiniň Beýannamasy kabul edildi.