Türkmenistanda hepde ahyrynyň ýagyşly bolmagyna garaşylýar: howa maglumaty

Şu gün, 09:062,689

Şu hepde Türkmenistanda ýylyň bu döwri üçin maýyl howa saklanar. Noýabr aýynyň başynda ýurduň köp böleginde güneşli ýa-da üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Gündizlerine howa käbir sebitlerde +28…+29°C çenli gyzar. Hepdäniň ikinji ýarymynda bolsa ýagyş ýagar, has hem ýekşenbe gününiň has ygally bolmagyna garaşylýar.

Ahal welaýatynda hepdäniň başynda açyk we az-kem bulutly, ahyrynda bolsa üýtgäp durýan bulutly howa bolup, anna we ýekşenbe günleri ýagyş ýagar. Gündogardan günorta we günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 2 — 3 metrden 8 metre ýetýän şemal öwser.

Howa gijelerine +12... +16 gradus, gündizlerine +21... +25 gradus aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly, hepdäniň ahyrynda bolsa ýagyşly howa bolar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 2 — 6 metrden 7 metre ýetýän şemal öwser.

Howa gijelerine +11... +16 gradus, gündizlerine +16... +26 gradus aralygynda maýyl bolar. Kenarýaka etraplarda gijelerine +11... +15 gradus, gündizlerine +16... +23 gradus bolmagyna garaşylýar.

Daşoguz welaýatynda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly, ýekşenbe güni bolsa ýagyşly howa bolar. Demirgazyk-gündogardan gündogara we günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 3 — 6 metrden 9 metre ýetýän şemal öwser.

Howa gijelerine +1... +10 gradus, gündizlerine +17... +21 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda hepdäniň başynda açyk we üýtgäp durýan bulutly, ahyrynda bolsa ýagyşly howa bolar. Demirgazykdan demirgazyk-gündogara, gündogara we günorta ugurlara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 2 — 7 metrden 9 metre ýetýän şemal öwser.

Howa gijelerine +3... +18 gradus, gündizlerine +19... +28 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, çarşenbe we ýekşenbe günleri az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan gündogara, günorta-gündogara we günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 3 — 6 metrden 10 metre ýetýän şemal öwser.

Howa gijelerine +9... +17 gradus, gündizlerine +21... +29 gradus aralygynda maýyl bolar.

Aşgabatda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly, anna we ýekşenbe günleri bolsa ýagyşly howa bolar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 2 — 3 metrden 8 metre ýetýän şemal öwser.

Howa gijelerine +12... +16 gradus, gündizlerine +21... +25 gradus aralygynda maýyl bolar.