«Yhlas Kagyz» CIET-2026 sergisi mynasybetli amatly bahadan Zoomlion awtokranlaryny hödürleýär

Şu gün, 11:291,588
1 / 4

Hytaýyň «Zoomlion» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory – «Yhlas Kagyz» hususy kärhanasy birnäçe ýyl bäri türkmen bazaryny amatly bahadan ýokary hilli awtokranlar bilen üpjün edýär.

Kärhana Aşgabatda 3–5-nji noýabrda geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly (CIET 2026) halkara sergisi mynasybetli ýörite teklipleri taýýarlady.

Howpsuzlyk, hil we ygtybarlylyk «Zoomlion» kompaniýasynyň hemişe ileri tutýan esasy ýörelgeleri bolup durýar. 1992-nji ýylda esaslandyrylan bu kompaniýa gurluşyk we oba hojalyk pudaklary üçin ýokary tehnologiýaly tehnikalary işläp taýýarlamak we öndürmek bilen meşgullanýar.

«Zoomlion» awtokranlary dünýäniň gurluşyk meýdançalarynda iň köp duş gelýän, ýokary hilli we döwrebap mobil kranlaryň biridir. Kompaniýa 12 tonnadan 3200 tonna çenli ýük göterijilik ukyby bolan dürli görnüşli awtokranlary öndürýär.

Türkmenistanyň şähergurluşyk we nebitgaz taslamalarynda hem ýygy-ýygydan ulanylýan «Zoomlion» awtokranlarynyň esasy aýratynlyklary şulardan ybarat:

  • ZTC we QY tapgyrlary (adaty ýollar üçin niýetlenen we şäher gurluşygynda iň köp ulanylýan modeller):
    • ZTC250 (25 tonna), ZTC300V (30 tonna), ZTC500 (50 tonna) we ZTC1000V (100 tonna).
  • ZAT tapgyry (ählitaraplaýyn hereket edýän kranlar – All-Terrain):
    • Iri infrastruktura we senagat desgalary üçin niýetlenen ägirt uly kranlar. Meselem, ZAT600V (60 tonna), ZAT1600V (160 tonna), ZAT2000V (200 tonna) we ZAT9000 (900 tonna).
  • ZRT tapgyry (çatrykly we ýolsuz ýerler üçin – Rough-Terrain):
    • Ýolsuzlyk we agyr relýef şertlerinde işläp bilýän tigirli kranlar. Meselem, ZRT400 (40 tonna), ZRT600 (60 tonna), ZRT900 (90 tonna) we ZRT1100 (110 tonna).

Zoomlion kompaniýasynyň tehnikalary ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde özüni oňyn tarapdan görkezdi.

«Yhlas Kagyz» HK-synyň serwis merkezlerinden bu tehnikalaryň özüni, şeýle hem olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny, sarp ediş materiallaryny satyn alyp bolýar. Zerur bolan ýagdaýynda goşmaça ätiýaçlyk şaýlaryny Hytaýdaky zawoddan gysga wagtyň içinde getirilýär.

  • Tehnikalary kärendesine almak mümkinçiligi hem bar;
  • Kärhana serwis hyzmatyny hem ýerine ýetirýär.

Salgy: 

Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly 97/1, «Maksat Mebel» dükanynyň 3-nji gaty, «Yhlas Kagyz» hususy kärhanasy.

Tehnikalary ammardan taýyn almak üçin: 

  • Aşgabat ş. «Altyn Asyr» Gündogar bazary (Jygyllyk);

  • Owadandepe önümçilik bazasy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: