«Yhlas Kagyz» hususy kärhanasy «Sinoboom» kysymly teleskopik göterijileri hödürleýär

05.11.2026, 11:263,220
1 / 6

«Yhlas Kagyz» hususy kärhanasy dürli gurluşyk we önümçilik işlerinde ulanmaga niýetlenen «Sinoboom» kysymly teleskopik göterijileriň we ýöriteleşdirilen galdyryjy enjamlaryň dürli görnüşlerini müşderilere hödürleýär.

Bu öz-özi hereket edip bilýän ýöriteleşdirilen enjamlar beýiklikde ýerine ýetirilýän işleri howpsuz we netijeli amala aşyrmak üçin niýetlenendir.

Kompaniýanyň hödürleýän enjamlarynyň hatarynda aşakdaky görnüşler bar:

  • Teleskopik göterijiler — iş beýikligi 58 metre çenli, ýük göterijiligi 434 kg. Uly beýiklikde gurluşyk, gurnama we abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin niýetlenen.
  • Şarnirli teleskopik göterijiler — iş beýikligi 14 metre çenli, ýük göterijiligi 230 kg. Aýratyn-da, päsgelçilikleriň üstünden geçip, barmasy kyn ýerlerde işleri ýerine ýetirmek üçin amatly.
  • Teleskopik ýük göteriji enjamlar — 18 metre çenli beýiklige ýük galdyrmaga we 5000 kg çenli agramy götermäge ukyply. Gurluşyk meýdançalarynda agyr ýükleri ýokary galdyrmak we ýerleşdirmek üçin ulanylýar.
  • Gaýçy görnüşli göterijiler — 8 metre çenli iş beýikligine eýe bolup, 250 kg çenli ýük göterýär. Binalaryň içindäki we daşyndaky gurnama, abatlaýyş hem-de tehniki hyzmat işlerinde ulanylýar.
  • Teleskopik ýükleýjiler — 18 metre çenli beýiklige ýük galdyrmaga we 4500 kg çenli agramy götermäge mümkinçilik berýär. Gurluşyk meýdançalarynda, ammarlarda we önümçilik kärhanalarynda dürli ýükleri daşamak, galdyrmak hem-de ýerleşdirmek üçin peýdalanylýar.

«Sinoboom» göterijileri gämi gurluşygynda, iri metal konstruksiýalary öndürmekde we abatlamakda, binalaryň gurluşygynda we tehniki hyzmatynda, şäher hojalygynda, bagbançylykda, howa menzillerinde, deňiz portlarynda, diwar gurluşygynda hem-de nebit-himiýa senagatynda giňden ulanylýar.

Bu enjamlar beýiklikde ýerine ýetirilýän çylşyrymly işleri ýeňilleşdirmäge, iş öndürijiligini ýokarlandyrmaga we işgärler üçin howpsuz iş şertlerini döretmäge ýardam edýär.

  • Tehnikalary kärendesine almak mümkinçiligi hem bar.

Salgylar:

  • Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly 97/1, «Maksat Mebel» dükanynyň 3-nji gaty, «Yhlas Kagyz» hususy kärhanasy.

  • Tehnikalary ammardan taýyn almak üçin ýerleşýän ýeri Aşgabat ş. “Altyn Asyr” Gündogar bazary (Jygyllyk).

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: