Belarusyň «Belavia» awiakompaniýasy uçuş tertibiniň täzelenendigini yglan etdi. Täze tertip 6-njy noýabrda güýje girdi we 2027-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli hereket eder diýip, THP habar berýär.
Uçuş tertibiniň täzelenmegi bilen birlikde awiagatnadyjy ýolagçylara awiapetekler üçin ýörite nyhrlary hödürledi. «Belavia-nyň» ýerine ýetirýän ähli ugurlary boýunça petekleri göni Türkmenistanyň çäginde satyn alyp bolýar. Petekler ýurduň ähli welaýatlaryndaky howa menzilleriniň we awtomenzilleriň kassalarynda satylýar, bu hem awiakompaniýanyň hyzmatlaryny dürli sebitleriň ýaşaýjylary üçin elýeterli edýär.
Awiakompaniýanyň ugurlar ulgamynda Minsk – Türkmenbaşy – Minsk ugry boýunça göni gatnaw möhüm orny eýeleýär. Belarusyň paýtagtyndan Türkmenbaşy şäherine gatnawlar sişenbe we şenbe günleri amala aşyrylýar, Türkmenbaşydan Minskä uçuşlar bolsa çarşenbe we ýekşenbe günlerine meýilleşdirildi.
Tertip, ýörite nyrhlar, awiapetekleri bronlamagyň we satyn almagyň şertleri barada goşmaça maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bilersiňiz:
+993 (12) 21-04-36,
+993 (65) 64-16-61,
+993 (12) 39-17-17.