Dünýäde ýürek ýetmezçiligi bolan adamlaryň sany 33 ýylyň içinde iki esseden gowrak artdy

Düýn, 17:302,412

Soňky otuz ýylyň dowamynda dünýäde ýürek ýetmezçiliginden ejir çekýän adamlaryň sany iki esse artdy. 1990-njy ýylda bu kesel bilen ýaşaýanlaryň sany 24,9 million bolan bolsa, 2023-nji ýylda bu görkeziji 56 milliona ýetdi. Şeýle netijä Keselleriň global ýüküni öwrenýän barlagyň çäklerinde 204 ýurda we sebite degişli maglumatlary seljeren alymlar geldiler.

Barlagyň netijeleri JAMA Cardiology ylmy žurnalynda çap edildi.

Alymlaryň hasaplamalaryna görä, 2023-nji ýylda ýürek ýetmezçiligi bolan adamlaryň, takmynan, 28,9 milliony erkekler, 27,1 milliony bolsa aýallardy. Bu kesel, esasan, garry adamlaryň arasynda köp duş gelýär. Ýürek ýetmezçiliginiň ýaýraýşy ýaşyň ýokarlanmagy bilen artyp, 70-74 ýaş aralygyndaky adamlaryň arasynda iň ýokary görkezijä ýetýär.

Ýürek ýetmezçiliginiň esasy sebäpleri ýüregiň işleýşini kem-kemden gowşadýan keseller bilen baglanyşyklydyr:

  • Ýüregiň işemiýa keseli — ýürek ýetmezçiligi ýagdaýlarynyň 33,7 göteriminiň sebäbi.
  • Ýokary gan basyşy bilen bagly ýürek keselleri — 23,8 göterim.
  • Ýürek myşsasynyň dürli keselleri (kardiomiopatiýalar) — 7,9 göterim.
  • Öýkeniň dowamly obstruktiw keseli — 5,7 göterim.

Barlagda keseliň sebäpleriniň ýaş aýratynlyklaryna görä hem üýtgeýändigi anyklandy. Çagalaryň arasynda ýürek ýetmezçiligine, köplenç, ýüregiň dogabitdi kemislikleri sebäp bolýar. Ýaşlaryň arasynda bolsa ýüregiň rewmatiki keseli möhüm orun eýeleýär. 30 ýaşdan soň ýüregiň işemiýa keseliniň we ýokary gan basyşynyň netijeleriniň täsiri barha artýar.

Orta ýaşly adamlaryň arasynda spirtli içgileri ulanmak bilen bagly ýagdaýlar hem ýürek ýetmezçiliginiň sebäpleriniň biri bolup durýar. Ýaş ulaldygyça bu sebäbiň täsiri azalyp, insultlaryň dürli görnüşleriniň ähmiýeti artýar. 70 ýaşdan geçen adamlaryň arasynda bolsa öýkeniň dowamly keselleriniň täsiri has-da ýokarlanýar.

Alymlar ýürek ýetmezçiliginiň sebäpleriniň dünýäniň dürli sebitlerinde tapawutlanýandygyny hem ýüze çykardylar:

  • Ýüregiň rewmatiki keseli Günorta, Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýada, Okeaniýada hem-de Afrikanyň käbir sebitlerinde ýürek ýetmezçiliginiň has ýygy duş gelýän sebäpleriniň biridir.
  • Spirtli içgileri ulanmak bilen bagly ýürek ýetmezçiligi Gündogar we Merkezi Ýewropada, Awstralaziýada hem-de Karib deňzi sebitinde has köp duş gelýär.
  • Şagas keseli — ýüregi zeperlendirýän parazit arkaly döreýän kesel bolup, Latyn Amerikasynyň käbir ýerlerinde ýürek ýetmezçiliginiň giňden ýaýran sebäpleriniň biridir.

Gözlegçiler ilatyň garramagy bilen baglylykda geljekde ýürek ýetmezçiligi bilen keselleýänleriň sanynyň artmagynyň mümkindigini belleýär. Şol bir wagtyň özünde, bu keseliň birnäçe sebäbiniň: ýokary gan basyşynyň, temmäki we spirtli önümleri ulanmagyň, şeýle hem käbir ýokanç keselleriň öňüni almak ýa-da olaryň täsirini azaltmak bolýar.