Tramp çybynlara we sakyrtgalara garşy söweş yglan etdi

Düýn, 21:004,901

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2028-nji ýyla çenli Waşingtonda zäherli çybynlaryň sanyny azyndan 90 göterim, sakyrtgalaryň sanyny bolsa 50 göterim azaltmagy tabşyrdy. Bu barada Ak Tam tarapyndan çap edilen resminamada aýdylýar.

Maksatnama paýtagtyň federal çäklerine degişli ýerlerinde amala aşyrylar. Onda howpsuz hem-de himiki serişdeler ulanylmaýan usullardan we tehnologiýalardan peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Maksatnamany taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge içeri işler, oba hojalygy we saglygy goraýyş ministrleri, şeýle hem Daşky gurşawy goramak boýunça agentligiň (EPA) ýolbaşçysy gatnaşar.

Häkimiýetler bu zyýankeşleriň köpelýän ýerlerini anyklamaly we olary ýok etmek boýunça çäreleri görmeli bolar. Şeýle hem kararda täjirçilik tehnologiýalaryndan peýdalanmak we zyýankeşlere garşy göreşmegiň täze usullaryny işläp taýýarlamaga ukyply kompaniýalar bilen şertnamalar baglaşmak göz öňünde tutulýar.

«Amerikalylar ýurdumyzyň paýtagtynyň gözelliginden we sagdyn gurşawyndan hiç hili howp abanmazdan lezzet alyp bilmelidirler» diýlip, habarda bellenilýär.

Mundan başga-da, administrasiýa çybynlaryň we sakyrtgalaryň sanyny gözegçilikde saklamak üçin täze tehnologiýalary döretmek hem-de ulanmak boýunça kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny işläp taýýarlamagy meýilleşdirýär. Saglygy goraýyş ministrligine bu mör-möjekleriň ýaýradýan keselleri boýunça barlaglary, şol sanda "Lyme Disease Moonshot" başlangyjynyň çäklerinde geçirilýän ylmy işleri dowam etdirmek hem tabşyryldy.

Ak Tam bu maksatnamanyň zerurdygyny çybynlaryň we sakyrtgalaryň adamlara hem-de haýwanlara geçirýän keselleriniň ýaýramagy bilen düşündirýär. Şeýle hem sakyrtganyň çakmagy netijesinde ýüze çykyp bilýän, gyzyl et iýlende agyr allergiki täsire sebäp bolýan alfa-gal sindromy hem töwekgelçilikleriň biri hökmünde görkezilýär.

Administrasiýa Waşingtonda işlenip taýýarlanyljak zyýankeşlere garşy göreş usullaryny geljekde ABŞ-nyň beýleki sebitlerinde hem ulanmagy göz öňünde tutýar.