2023-nji ýylda dünýäde ortaça ömür dowamlylygy uzap, 73,3 ýaşa ýetdi. Bu görkeziji koronawirus pandemiýasyndan öňki, ýagny 2019-njy ýyldaky görkezijä ýakyndyr. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) resmi saýtynda neşir edilen makalada aýdylýar.
Gurama tarapyndan bellenilişi ýaly, dünýäde ortaça ömür dowamlylygy pandemiýadan öňki derejä dolandy diýen ýaly — 2019-njy ýylda ol 73,4 ýaşdy.
Sagdyn ömür dowamlylygynyň görkezijisi haýal dikeldilýär diýip, BSGG nygtaýar. 2023-nji ýylda ol 62,8 ýaş boldy, bu bolsa 2019-njy ýyldakydan 0,4 ýaş pesdir.
Şeýle hem BSGG-niň baha bermegine görä, dünýäde ýokanç däl keselleriň paýy artýar. 2023-nji ýylda ähli ölüm ýagdaýlarynyň 74 göterimi şol keselleriň paýyna düşdi, 23 ýyl öň bolsa bu görkeziji 58 göterime deňdi.
Şol bir wagtyň özünde, demensiýa zerarly ölüm üç esse artdy, depressiýa we was-waslyk bilen baglylykda sagdynlygyň ýitmegi bolsa pandemiýa başlandan soň ep-esli ýokarlandy.
Ýürek-damar keselleri ölümiň ýygy-ýygydan duşýan sebäbi bolmagynda galýar. 2023-nji ýylda ýüregiň işemiýa keseli sebäpli 9,5 million töweregi adam aradan çykdy. Kesel sebäpli maýyplygy ýa-da möhletinden irki ölümi göz öňünde tutanyňda, adamzat ýüregiň işemiýa keseli sebäpli 210 million sagdyn ömür ýylyny ýitirdi.