BSGG Russiýadaky epidemiologik howpuň derejesini mälim etdi

Şu gün, 00:05716

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) Russiýanyň Irkutsk oblastynda ýüze çykandygy çak edilýän mergi keseliniň ýurtda ýaýramak töwekgelçiligine pes, Ýewropa üçin bolsa örän pes diýip baha berdi.

Beýleki ýurtlaryň ýagdaýy has içgin gözegçilikde saklaýandygyna garamazdan, häzirki wagtda mergi keseliniň giň gerimli ýaýramak howpy barada aýtmaga esas ýok.

Halkara jemgyýetçiliginiň bu waka gyzyklanmasyna Irkutskidäki mergi keseliniň öňüni alyş institutynyň bir işgäriniň, çaklamalara görä, mergi keselinden aradan çykmagy sebäp boldy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bu ýagdaýy Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Aslynda, ABŞ-nyň özünde hem her ýyl ortaça ýedi adamda bu kesel, şol sanda onuň öýken görnüşi anyklanýar. Russiýada bolsa, kesel tassyklanan ýagdaýynda, bu 2016-njy ýyldan bäri ilkinji ýagdaý bolar.

Mongoliýa bilen Hytaý hem Russiýanyň häkimiýetlerinden goşmaça maglumat sorady. Bu ýagdaý Ýewropa Bileleşiginiň Saglygy goraýyş howpsuzlygy boýunça komitetinde hem ara alnyp maslahatlaşylýar.

BSGG Russiýanyň degişli edaralaryndan bu ýagdaý barada sorady we töwekgelçiliklere baha bermek üçin maglumatlaryň doly hem-de aç-açan paýlaşylmagynyň möhümdigini belledi. Guramanyň bellemegine görä, mergi keseli adamdan adama aňsat geçýän ýokanç keselleriň hataryna degişli däl.

Aradan çykan işgär bilen aragatnaşykda bolan adamlar karantine ýerleşdirilip, olaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik edilýär. Şol bir wagtyň özünde bu keseli antibiotikler bilen bejermek bolýar. Esasan-da, keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan badyna başlanan bejerginiň netijeliligi ýokary bolýar. Russiýada bu ýokanç kesele garşy sanjym hem elýeterlidir.

Halkara jemgyýetçiliginiň aladasynyň esasy sebäpleriniň biri hökmünde waka barada resmi maglumatlaryň ýeterlik däldigi görkezilýär.