Şu gün Ahal welaýatynda ýerleşýän «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyşy boldy. Binanyň toý bagyny dabaraly ýagdaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kesdi. Bu barada resmi türkmen metbugatynda habar berilýär.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri 6 gatly binagärlik keşbine eýe bolan şypahanada döredilen döwrebap şertler we bölümleriň enjamlaşdyrylyşy bilen ýakyndan tanyşdy.
Bu ýerde otaglar dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Hususan-da, bölümiň Kardiowizor otagynda ýüregiň 3D modelini döredýän Russiýanyň ýokary hilli kardiwiozor enjamy, Endoskopiýa otagynda Ýaponiýanyň «Fujifilm» kompaniýasynyň iýmit siňdiriş ulgamynyň agzalarynyň doly şekilini, olardaky nogsanlyklary görmäge we dürli gan akmalary duruzmaga mümkinçilik berýän enjamlary, Asidogastrometriýa otagynda iýmit siňdiriş ulgamynyň turşulygyny ölçeýän ABŞ-nyň «Diversatek Healthcare» enjamy, Stomatologiýa otagynda bolsa Germaniýanyň «Sirona» kompaniýasynyň 3D panoramma kameraly «Teneo» bejeriş toplumy ornaşdyrylypdyr.
Şypahanada galwanik, fitowanna, SPA-kapsula, infragyzyl sauna, ozonoterapiýa, galoterapiýa, aeroionoterapiýa, parafin we fizioterapiýa bejergileri amala aşyrylýar. Köpetdagyň eteginden gözbaş alýan 24 mikroelemente we kükürt-wodoroda baý mineral suwy iýmit siňdiriş, ganaýlanyş, deri we nerw ulgamy kesellerini bejermekde giňden ulanylýar. Şypaly suw bejeriş binasy bir wagtyň özünde 100 adamy kabul etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu ýerde bejeriş bedenterbiýesi otagy hereket edýär.
Raýatlar üçin bir, iki orunlyk, maşgala we lýuks otaglar döredilipdir. Şypahanada 400 orunlyk berhiz naharhanasy, internet zaly, mejlisler zaly we fitobar ýerleşýär. Fitobarda Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabyndaky ösümliklerden taýýarlanan dermanlyk çaýlar hödürlenýär. Naharhananyň enjamlaşdyrylyşy we arassaçylyk derejesi bolsa häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.
Şeýle-de toplumyň daş-töwereginde gezelenç ýodalary, telärler, sport we çagalar üçin oýun meýdançalary göz öňünde tutulypdyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow şypahanada saglygyny dikeldýänleriň we dynç alýanlaryň bedenini berkitmekde berhiz iýmitleniş tertibiniň wajyp ornunyň bardygyny belläp, degişli maslahatlaryny berdi.