Serdar Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

Şu gün, 09:272,275

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 10-njy oktýabrda ýurtda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli pudagyň işgärlerini gutlady. Döwlet Baştutanynyň ýüzlenmesi TDH tarapyndan çap edildi.

Gutlagynda ýurduň Prezidenti lukmançylyk düzümini döwrebaplaşdyrmagyň, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň ähmiýetini nygtady.

«Ynsan saglygyny goramak mukaddes we asylly işdir» diýip, Prezident adam saglygynyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydygyny tekrarlady.

Hünär baýramy mynasybetli Türkmenistanda bu gün Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Halkara pediatriýa merkezi, Stomatologiýa merkezi açylýar, düýn bolsa «Arçman» şypahanasynyň täze binalar toplumy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, saglygy goraýyş ulgamyna lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlary, sanly çözgütler we emeli aň tapgyrlaýyn ornaşdyrylýar.

Serdar Berdimuhamedow pudagyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň we lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny hem nygtady. Türkmenistan daşary ýurtlaryň ylmy-kliniki merkezleri, öňdebaryjy hassahanalary we ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Bu bolsa türkmen lukmanlaryna dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmäge, halkara maslahatlara we okuwlara gatnaşmaga mümkinçilik döredýär.

Gutlagda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň ösdürilmegine hem aýratyn üns berildi. Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy hem-de Aziýanyň we Ýewropanyň ylmy-lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek we howanyň üýtgemeginiň ynsan saglygyna täsirini öwrenmek hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti pudagyň işgärlerine berk jan saglygyny, abadançylygy we milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.