Çingiz Aýtmatowyň «Asyra barabar gün» romany ekranlaşdyrylar

Düýn, 21:25882

«Saş-Muwi» kompaniýasy gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň «Asyra barabar gün» romanyny ekranlaşdyrmaga taýýarlanýar. Filmiň 2028-nji ýylda, ýazyjynyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli tomaşaçylara ýetirilmegi meýilleşdirilýär.

Taslamanyň režissýory hökmünde «Zümerret şäheriniň jadygöýi» we «Buratino» filmleri bilen tanalýan Igor Woloşin çykyş eder. Ssenariýany bolsa Oleg Malowiçko ýazýar.

Roman sowet demirýol işçisi Ýedigeý barada we onuň ýegre dosty Kazangapyň jaýlanyşy barada gürrüň berýär.

1980-nji ýylda çap edilen «Asyra barabar gün» eseri Aýtmatowyň ilkinji romanydyr. Eser «Boranly beket» ady bilen hem neşir edildi. Hut şu kitaby bilen ýazyjy dünýä medeniýetine «mankurt» düşünjesini girizdi. Mankurt — zor bilen ýadyndan mahrum edilip, köksüz, watansyz, erksiz ähli zada boýun bolýan guly aňladýar. Bu düşünje sowet döwründe milli özboluşlylygyň hem-de öz taryhyň ýitirilmeginiň güýçli metaforasyna öwrülipdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, romandaky mankurt baradaky goşmaça hekaýa 1990-njy ýylda «Türkmenfilm» kinostudiýasy tarapyndan aýratyn film hökmünde ekranlaşdyrylypdy. Türkiýäniň we Liwiýanyň kinematografiýaçylary bilen hyzmatdaşlykda döredilen ol filmi režissýor Hojaguly Narlyýew surata düşüripdi.

Aýtmatowyň öň ekranlaşdyrylan beýleki eserleriniň arasynda «Hoş gal, Gülsary!», «Ak gämi», «Ilkinji mugallym» we «Jemile» ýaly powestler hem bar. Mundan ötri, ýazyjy «Elwan ýaglykly serwim», «Ene toprak», «Ýüzbe-ýüz», «Düýegöz» ýaly powestleri, «Çapgy ýassygy», «Kassandranyň tagmasy» ýaly romanlary bilen tanalýar hem-de türkmen okyjylarynyň ürç edip okaýan daşary ýurt ýazyjylarynyň biri hasaplanylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.