8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Konserte Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin gelen ýokary derejeli wekiliýetleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Çäräniň maksatnamasynda Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleri, meşhur aýdymçylary, sazandalary hem-de folklor toparlary, Belarusyň «Pesnýary» döwlet ansambly we «Horoşki» döwlet akademiki horeografik ansambly, M.Ý.Pýatnitskiý adyndaky döwlet akademiki rus halk hory, Gazagystanyň Milli sungat uniwersitetiniň talyp dombraçylar ansambly, «Saltanat» döwlet tans ansambly, şeýle hem GDA ýurtlarynyň meşhur medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.
Aýdym-sazly we tansly çykyşlar GDA ýurtlarynyň medeniýetini, däp-dessurlaryny we gözel künjeklerini görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy.
Baýramçylyk maksatnamasy türkmen milli «Küştdepdi» tansy bilen dowam etdi.
Konsertiň jemleýji pursadynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we sazyna döredilen «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdymy bilelikde ýerine ýetirdiler.