20-21-nji oktýabr aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Halkara goragy boýunça sebitleýin halkara okuw maslahaty geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa döwletleriniň we halkara guramalaryň hünärmenleri bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdy diýip, gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.
Çärede sebitde bosgunlaryň halkara goraglylygyny üpjün etmek, migrasiýa amallaryny dolandyrmak we raýatsyzlygyň soňuna çykmak baradaky möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Okuw meýilnamasynyň gün tertibi ählumumy we sebit derejesindäki migrasiýa syýasaty boýunça möhüm wezipeleri öz içine aldy. Maslahatyň dowamynda gaçybatalga bermegiň hukuk binýadyny, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (BMT BÝKM) iş ugurlaryny öwrenmäge aýratyn üns berildi.
Şeýle-de hünärmenler Merkezi Aziýa döwletleriniň milli kanunçylyklarynyň aýratynlyklaryny we bosgun statusyny kesgitlemegiň amallaryny seljerdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.