Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Edgar Rinkewiçe hem-de ýurduň ähli halkyna milli baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Edgar Rinkewiçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, Latwiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Latwiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni (Latvijas Republikas proklamēšanas diena) her ýylyň 18-nji noýabrynda bellenilýär. Bu taryhy sene 1918-nji ýylyň 18-nji noýabrynda «Garaşsyzlyk aktynyň» yglan edilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Şu ýyl Latwiýa döwletiň yglan edilmeginiň 108 ýyllygyny belleýär. Ýurtda baýramçylyk, adatça, Riga şäherindäki Azatlyk ýadygärligine gül goýmak çäresi we dabaraly ýöriş bilen başlanýar.