Mary YHG-yň syýahatçylyk paýtagty diýlip yglan edildi

Şu gün, 07:311,579
1 / 3

16-njy noýabrda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi we onuň dowamynda Mary şäheri 2028-nji ýyl üçin «YHG-yň syýahatçylyk paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda YHG-yň Türkmenistan üçin ösüşi ilerletmegiň netijeli guraldygyny belledi. Türkmen tarapy Guramanyň 2035-nji ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlygynyň Strategik maksatlarynyň taslamasyny goldap, olaryň 2024–2034-nji ýyllar üçin Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Awaza Hereketler maksatnamasy bilen sazlaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem jemleýji komýunikede 2021-nji ýylyň Aşgabat Hereketler konsensusynyň ähmiýetini tassyklamagy teklip etdi.

Söwda ulgamynda YHG-yň Söwda ylalaşygyny çeýe we tapgyrlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak hem-de bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek baradaky başlangyçlara üns çekildi. Ulag ulgamy babatda Merkezi Aziýany Günorta Aziýa, Ýakyn Gündogar, Kawkaz we Ýewropa bilen birleşdirýän ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bellenildi hem-de YHG-yň ulag ministrleriniň nobatdaky maslahatynyň Türkmenistanda geçiriljekdigi nygtaldy.

Energetika pudagynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň strategik ähmiýeti, elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmak mümkinçilikleri we Owganystany sebitdäki ykdysady işlere çekmegiň wajyplygy bellenildi.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda Mary şäheriniň 2028-nji ýyl üçin «YHG-yň syýahatçylyk paýtagty» diýlip yglan edilendigi mälim edildi we agza döwletler bu mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan YHG-yň agza döwletleri we düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady hem-de Guramada başlyklyk edýän Pakistana üstünlikleri arzuw etdi.