Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna gulluk iş saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň 15–16-njy noýabrynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda Pakistan bellenilen guramada başlyklyk edýär.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, söwda, ulag, energetika we beýleki ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine serediler hem-de onuň netijeleri boýunça Yslamabat Beýanatynyň we «Ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik maksatlary – 2035» strategiýasynyň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.
Şeýle hem 17-nji noýabrda Yslamabat şäherinde Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň 6-njy mejlisiniň geçirilmegi we onuň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär. Mejlisde söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, nebit we gaz, senagat, oba hojalygy we azyk howpsuzlygy, ulag ugrunda hyzmatdaşlyk hem-de ylym-bilim meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Şunuň bilen baglylykda, daşary işler ministri döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalaryny hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutany Pakistan Yslam Respublikasynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň 6-njy mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady we bu ugurda taýýarlanan resminamalara gol çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.