15-nji noýabrda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisi öz işine başlady. Bu mejlis YHG-a agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisiniň öňüsyrasynda geçirilýär diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjy döwletleriň wekilleri Guramanyň giňişliginde söwda-ykdysady, ulag we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşýar. Gatnaşyjylaryň üns merkezinde YHG-yň Sekretariatynyň we pudaklaýyn düzümleriniň alyp barýan işleri baradaky hasabatlara garamak, şeýle hem sebitiň uzak möhletleýin ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän strategik resminamalary seljermek meseleleri durýar.
Mejlisiň esasy maksady Yslamabat jemleýji komýunikesiniň taslamasyny we degişli resminamalary jikme-jik işläp taýýarlamakdan, ylalaşmakdan hem-de olary YHG-yň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde garamak we tassyklamak üçin taýýarlamakdan ybarat.
Türkmen tarapy ara alyp maslahatlaşmalara işjeň gatnaşmak bilen, netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna hem-de YHG-yň çäginde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.