Iň rahatlandyryjy ýurtlaryň reýtingi düzüldi

15.12.2024, 05:369,975

Retrit (jemgyýetden üzňeleşmek, ruhy taýdan ösüş) syýahatlara ýöriteleşen BookRetreats saýty tebigatda has gowy rahatlanyp, şäheriň we mähelläniň “gohundan” dynç alyp boljak ýurtlaryň reýtingini düzdi. Bu barada TimeOut neşiri habar berýär.

Hünärmenler howpsuzlyk derejesi, goraghanalaryň we beýleki goralýan ýerleriň sany, tokaýlaryň meýdany, ilatyň gürlügi, syýahatçylaryň konsentrasiýasy, galmagalyň we “yşyk hapalanmasynyň” derejesi ýaly dokuz ölçeg boýunça 76 ugry seljerdiler.
Birinji orny Awstraliýa eýeledi. Daşary ýurtlulary hem hasaba alanyňda, bu ýurduň her bir inedördül kilometrinde ortaça 3,4 adam bar. Deňeşdirmek üçin, Italiýada – 198, Wýetnamda – 308, Günorta Koreýada – 511, Mawrikide – 626.
“Iň rahatlandyryjy ýurtlaryň” top-20-i şeýle görnüşde:

  1. Awstraliýa
  2. Kanada
  3. Islandiýa
  4. Finlýandiýa
  5. Täze Zelandiýa
  6. Awstriýa
  7. Şwesiýa
  8. Estoniýa
  9. Norwegiýa
  10. Portugaliýa
  11. Botswana
  12. Horwatiýa
  13. Germaniýa
  14. Çernogoriýa
  15. Ýaponiýa
  16. Ispaniýa
  17. Bolgariýa
  18. Litwa
  19. Çehiýa
  20. Malaýziýa

Sanawy Filippinler, Hindistan, Türkiýe, Gambiýa we Salwador jemleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.